Dün­ýä­niň iň ga­dy­my film fes­ti­wa­ly ha­sap­lan­ýan We­ne­si­ýa ki­no şü­we­le­ňin­de “Al­tyn ýol­bars” baý­ra­gy­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. 76-njy ge­zek ge­çi­ril­jek fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga 21 film da­laş­gär­ gör­ke­zil­di. Ola­ryň ara­syn­da dün­ýä bel­li re­žiss­ýor­la­ryň film­le­ri hem bar. Fran­si­ýa­ly re­žiss­ýor Oli­wie As­sa­ýa­syň jan­syz­la­ryň dur­mu­şyn­dan söh­bet aç­ýan “Wasp Net­work” fil­mi “Al­tyn ýol­bars” baý­ra­gy­nyň esa­sy da­laş­gär­le­ri­niň bi­ri­dir. Film­de Pe­ne­lo­pe Kruz, Ed­gar Ra­mi­res, Ana de Ar­mas, Wag­ner Mou­ra, Ga­el Gar­si­ýa Ber­nal ýa­ly meş­hur ýyl­dyz­lar dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. “Dü­kan og­ru­la­ry” ki­no­sy bi­len Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­gy alan ýa­po­ni­ýa­ly Hi­ro­ka­zu Ko­re-eda­nyň fran­suz we iň­lis dil­le­rin­dä­ki tä­ze ki­no­sy “La veri­te” esa­sy da­laş­gär­le­riň ha­ta­ryn­da ag­zal­ýar. Film­de Ka­t­rin Den­ýow, Ju­li­et Bi­noş, Itan Hawk ýa­ly ar­tist­ler çy­kyş ed­ýär. Meş­hur re­žiss­ýor Ro­man Po­lans­ki­niň tä­ze ki­no­sy-da “J’accuse”, hy­taý­ly Luo Ýe­niň “Lan xin da juyuan”, çe­hi­ýa­ly Was­law Mar­ho­lyň “Na­barve­ne pta­se”, gon­kong­ly Ýon­fa­nyň “Ji yuan tai qi hao”, çi­li­li Pab­lo Lar­rai­niň “Ema” at­ly film­le­ri baş baý­rak ug­run­da gö­reş alyp ba­rar­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da Sti­wen So­der­ber­giň “The Laund­ro­mat”, Noa Ba­um­ba­hyň “Mar­ria­ge Sto­ry”, Tod Fil­lip­siň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan “Jo­ker”, Jeýms Gre­ýiň re­žiss­ýor­ly­gyn­da, Bred Pit­tiň baş keşp­de su­ra­ta dü­şen “Ad Ast­ra” ki­no­la­ry fes­ti­wa­lyň sa­na­wy­na alyn­dy.
76-njy ge­zek ge­çi­ril­jek We­ne­si­ýa ki­no fes­ti­wa­lyn­da film­le­re ba­ha ber­jek emin­ler to­pa­ry­na ar­gen­ti­na­ly re­žiss­ýor Luk­re­sia Mar­tel ýol­baş­çy­lyk eder. Emin­ler to­pa­ry­nyň beý­le­ki ag­za­la­ry öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li bo­lar. We­ne­si­ýa film fes­ti­wa­ly 28-nji aw­gust­da baş­lap, 7-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nar.
Il­kin­ji ge­zek 1932-nji ýyl­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga, “Al­tyn ýol­bars” sy­la­gy­na şu wag­ta çen­li iň köp ital­ýan we fran­suz film­le­ri my­na­syp bol­dy. “Al­tyn ýol­bar­sy” iň köp alan re­žiss­ýor­lar fran­si­ýa­ly And­re Ka­ýat bi­len Lui Mal­le hem-de hy­taý­ly Çzen Imou bi­len Eng Li bo­lup, ola­ryň her­si 2 ge­zek­den bu heý­kel­ji­gi eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Ber­lin we Kann film fes­ti­wal­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä­niň iň esa­sy ki­no şü­we­le­ňi ha­sap­lan­ýan We­ne­si­ýa film fes­ti­wa­ly 1933-nji, 1943-45-nji, 1973-74-nji, 1977-78-nji ýyl­lar­da dür­li se­bäp­ler­den ge­çi­ril­me­di.