ABŞ-nyň Ok­la­ho­ma uni­wer­si­te­ti­niň “World Li­te­ra­tu­re To­day” žur­na­ly 2020-nji ýyl üçin “Ne­us­tadt In­ter­na­tio­nal Pri­ze for Li­te­ra­tu­re” baý­ra­gy­nyň 9 fi­nal­çy­sy­ny mä­lim et­di. Ede­bi­ýat ug­run­dan be­ril­ýän bu hal­ka­ra baý­ra­gy 1969-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, iki ýyl­dan bir ge­zek gow­şu­ryl­ýar. Met­bu­gat be­ýa­na­ty­na la­ýyk­lyk­da, 50 müň dol­lar­dan yba­rat bu sy­lag hal­ka­ra baý­rak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, onuň bi­len şa­hyr­lar, ýa­zy­jy­lar, sse­na­ri­çi­ler we dra­ma­turg­lar sy­lag­lan­yl­ýar. “World Li­te­ra­tu­re To­day” žur­na­ly hem-de ABŞ-nyň Ok­la­ho­ma uni­wer­si­te­ti bu baý­ra­gyň he­ma­ýat­kä­rle­ri­dir. Ede­bi­ýat baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si 16-njy okt­ýabr­da mä­lim edi­ler.
“Ne­us­tadt In­ter­na­tio­nal Pri­ze for Li­te­ra­tu­re” baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy şu­lar­dan yba­rat bol­dy:
“Gar­şy­daş” (The Adver­sa­ry) — Em­ma­nu­el Kar­rer (Fran­si­ýa)
“Tiz” (Fast) — Jo­ri Gre­hem (ABŞ)
“Do­gea­ters”, (Do­gea­ters) — Jes­si­ka Ha­ge­dorn (Fi­lip­pin­ler/ABŞ)
“Ma­tam ” (Mo­ur­ning) — Eduar­do Hal­fon (Gwa­te­ma­la)
“Sy­nan ap­rel” (Bro­ken Ap­ril) — Is­ma­il Ka­da­re (Al­ba­ni­ýa)
“Ýa­ba­ny ti­ken­ler” (Wild Thorns) — Sa­har Ha­li­fe (Pa­les­ti­na)
“Ti­ken­li si­miň aň­ry­syn­da” (Beyond the Bar­bed Wi­re) — Ab­del­la­tif Laa­bi (Ma­rok­ko)
“Si­li­ýa­nyň aý­dy­my” (Celia’s Song) — Li Ma­rakl (Ka­na­da)
“Gy­zyl mi­we su­wy” (Red Juice) — Hoa Hguen, (Wýet­nam/ ABŞ)