Ady: “Do­ra and the Lost City of Gold”; Re­žiss­ýo­ry: Jeýms Bo­bin; Keşp­ler­de: Iza­be­la Mo­ner, Eu­je­nio Der­bez, Maýkl Pen­ýa, Ewa Lon­go­ria, Be­ne­sio Del To­ro, Dan­ni Tre­ho, Ma­de­le­in Mad­den, Te­mue­ra Mor­ri­son; Prod­ýu­ser­le­ri: Kris­tin Burr; Sse­na­ri­çi: Ni­ko­las Stol­ler, Matt­ýuw Ro­bin­son (“Do­ra the Explo­rer” at­ly köp se­ria­ly ani­ma­si­ýa esa­syn­da); Kom­po­zi­to­ry: Jon Deb­ni, Jer­ma­in Fran­ko; Ön­dü­ri­ji: “Pa­ra­mount Players”, “Nicke­lo­de­on Movies”, “Wal­den Me­dia”, “Me­dia Rights Capi­tal”, “Burr! Pro­ductions”; Paý­laý­jy: “Pa­ra­mount Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 102 mi­nut; Gör­nü­şi: baş­dan ge­çir­me; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 49 mil­li­on $.
2000-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da “Nicke­lo­de­on” te­le­ýaý­lym­la­ryn­da 8 möw­süm bo­ýun­ça gör­ke­zi­len köp se­ria­ly ani­ma­si­ýa esa­syn­da dö­re­di­len “Do­ra we ýi­ti­ri­len al­tyn şä­her” fil­mi­ne Jeýms Bo­bin re­žiss­ýor­lyk et­di. Ol “Map­pet­ler”, “Ali­sa çüý­şä­niň için­de” ki­no­la­ry bi­len meş­hur­lyk ga­za­nyp­dy. Baş­dan ge­çir­me gör­nüş­dä­ki bu film­de baş keş­bi – Do­ra­nyň keş­bi­ni ýaş akt­ri­sa hem aý­dym­çy Iza­be­la Mo­ner jan­lan­dyr­dy. Ek­ran ese­rin­de on­dan baş­ga-da Eu­je­nio Der­bez, Maýkl Pen­ýa, Ewa Lon­go­ria, Be­ne­sio Del To­ro, Dan­ni Tre­ho ýa­ly as­ly La­tyn Ame­ri­ka­dan bo­lan ar­tist­ler dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Film Awst­ra­li­ýa­nyň Gold Koast şä­he­rin­de su­ra­ta dü­şü­ril­di. Bi­ler­men­ler­den pes ba­ha alan film il­kin­ji hep­de­sin­de 25 mil­li­on dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­zan­dy.
Do­ra at­ly gyz maş­ga­la­sy bi­len to­kaý­lar­da he­mi­şe ge­ze­lenç ed­ýär. Ol te­bi­gat bi­len ys­ny­şyk­ly ýag­daý­da önüp ös­ýär. Ýö­ne in­di onuň öňün­de özi üçin has çyl­şy­rym­ly, to­kaý­lar­da­n howp­ly bo­lup gö­rün­ýän okuw bar. Ol mej­bu­ry ýag­daý­da oku­wa do­wam et­me­li bol­ýar. Ol okuw­da tä­ze bir­nä­çe ýol­daş tap­ýar. Do­ra şol ýol­daş­la­ry bi­len tä­ze baş­dan ge­çir­me­le­re ga­dam bas­ýar. Ol In­ka me­de­ni­ýe­ti­niň nä­bel­li şä­he­ri­niň göz­le­gi­ne çyk­ýar…

“Ang­ry Birds: 2-nji film”
Ady: “The Ang­ry Birds Movie 2”; Re­žiss­ýo­ry: Tu­rop Wan Or­man; Ses be­ren­ler: Jeý­son Su­dei­kis, Joş Gad, Les­li Jons, Bill Ha­der, Ra­çel Blum, Awk­wa­fi­na, Ster­ling K. Brown, Eu­je­nio Der­bez, Dan­ni MakB­raýd, Pi­ter Dink­leýj; Prod­ýu­se­ri: Jon Ko­hen; Sse­na­ri­çi­le­ri: Pi­ter Aker­man, Eýal Po­dell, Jo­na­ton E. Stýu­wart (“Rovio En­ter­ta­in­ment”-iň “Ang­ry Birds” wi­deo oý­ny esa­syn­da); Kom­po­zi­to­ry: Hei­tor Pe­rei­ra; Ön­dü­ri­ji: “Colum­bia Pictu­res”, “Rovio Ani­ma­ti­on”, “So­ny Pictu­res Ani­ma­ti­on”; Paý­laý­jy: “So­ny Pictu­res Re­lea­sing”; Do­wam­ly­ly­gy: 96 mi­nut; Gör­nü­şi: komp­ýu­ter ani­ma­si­ýa­sy, ko­me­di­ýa; Ýur­dy: Fin­l­ýan­di­ýa, ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 65 mil­li­on $.
Il­kin­ji­si mun­dan 3 ýyl ozal ek­ran­la­ra çy­kan “Ang­ry Birds” mult­fil­mi­niň ikin­ji­si peý­da bol­dy. Fin şe­re­ke­ti “Rovio Ani­ma­ti­on” ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len we tu­tuş dün­ýä­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan wi­deo oýun esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ry­lan ani­ma­si­ýa­nyň 2-nji bö­lü­mi­ne Tu­rop Wan Or­man re­žiss­ýor­lyk et­di. Bu onuň il­kin­ji re­žiss­ýor­lyk işi­dir. 65 mil­li­on dol­lar býu­jet­li ani­ma­si­ýa­nyň gah­ry­man­la­ry­na Jeý­son Su­dei­kis, Joş Gad, Les­li Jons, Bill Ha­der, Ra­çel Blum, Awk­wa­fi­na da­gy ses ber­mä­ge gat­naş­dy­lar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Ang­ry Birds” ani­ma­si­ýa­sy­nyň il­kin­ji bö­lü­mi üçin 73 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­lip­di. Ça­ga­la­ryň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan şol mult­film pro­kat­lar­dan 350 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak gir­de­ji top­lap­dy. Tä­ze mult­film­de uçup bil­me­ýän ga­har­jaň guş­la­ryň ýa­şap ýö­ren ada­sy­na bu ge­zek baş­ga howp aban­ýar. Olar bi­rin­ji film­dä­ki gar­şy­daş­la­ry bi­len bu sa­par bi­le­le­şip he­re­ket et­me­li bol­ýar­lar…

“Mar­sa git­mek”
Ady: “Mis­si­on Man­gal”; Re­žiss­ýo­ry: Ja­gan Şak­ti; Keşp­ler­de: Ak­şaý Ku­mar, Wid­ýa Ba­lan, So­nak­şi Sin­ha, Ta­ap­see Pan­nu, Nith­ýa Me­nen, Şar­man Jo­şi, Kir­ti Kul­ha­ri; Prod­ýu­ser­le­ri: Aru­na Bha­tia, Anil Nai­du; Sser­na­ri­çi­le­ri: R. Bal­ki, Ja­gan Şak­ti, Nid­hi Singh Dhar­ma, Sa­ket Kon­di­par­ti; Kom­po­zi­to­ry: Amit Tri­we­di; Ön­dü­ri­ji: “Cape of Go­od Films”, “Ho­pe Pro­ductions”, “Fox Star Stu­di­os”; Paý­laý­jy: “Fox Star Stu­di­os”; Do­wam­ly­ly­gy: 127 mi­nut; Gör­nü­şi: dra­ma; Ýur­dy: Hin­dis­tan; Di­li: hin­di­çe; Býu­je­ti: 5 mil­li­on $.
Ak­şaý Ku­mar, Wid­ýa Ba­lan, So­nak­şi Sin­ha ýa­ly Bol­li­wu­dyň ta­ny­mal ar­tist­le­ri­ni jem­le­ýän “Mar­sa git­mek” fil­mi­ni Ja­gan Şak­ti su­ra­ta dü­şür­di. Öz sse­na­ri­si esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ran fil­min­de hin­dis­tan­ly kos­mo­nawt­la­ryň Mar­sa git­mä­ge sy­na­ny­şy­gy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Iki sa­gat­dan gow­rak wagt­lap do­wam eden dra­ma gör­nüş­li fil­miň býu­je­ti 5 mil­li­on dol­la­ra deň­dir.