Alymlar Günorta Kaliforniýanyň we ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar kenarlarynda ýaşaýan, ýagty saçýan deňiz jandarynyň täze görnüşini tapdylar. Täze tapylan zynjyr pişik balygy atly deňiz jandary suwuň aşaky böleklerinde ýaşap, deňizlerdäki tebigy yşyk döredýän beýleki jandarlardan has tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, ummanlarda balyklaryň ýagty saçýan birnäçe görnüşi ýaşaýar. Olar köplenç ýaşyl ýa-da gök yşyk saçýar. Bu balygyň saçýan ýagtylygy beýleki ähli bioyşykly jandarlardan tapawutly. Bu balyklar köplenç ummanyň aşagynda bukuda ýatyp, aw awlaýar. Häzirki wagtda olaryň näme üçin ýaldyraýandygy doly anyklanmady.