“Disney”-iň girdejisiniň ýylyň ahyryna çenli 10 milliard dollardan geçmegine garaşylýar. Sebäbi oktýabr we noýabr aýlarynda şereketiň gönümel özüne degişli “Malifisenta: tümlükleriň hanymy” (Maleficent: Mistress of Evil), “Doňaklyk – 2” (Frozen 2) hem-de dekabr aýynda “Lucasfilm” studiýasy bilen bilelikdäki önümi bolan “Ýyldyz söweşleri: Skaýwolkeriň ýokarlanyşy” (Star Wars: The Rise of Skywalker) filmleri prokata çykar. Ady agzalan ekran eserleriniň, esasan hem, soňky ikisiniň 1 milliard dollardan köp girdeji gazanjakdygyny eýýämden aýtsa bolar. Bu bolsa “Disney”-iň öz rekordyny has-da ýokarlandyrjakdygyny görkezýär.
Golaýda “Fox” kompaniýasynyň paýnamalarynyň agramly bölegini satyn alan “Disney”-iň amerikan kinoprokatlaryndaky orny ýylsaýyn ýokarlanýar. Häzirki wagtda amerikan prokatlaryndan gazanylýan umumy girdejiniň 40 göterimi “Disney” şereketine degişli bolup, ol bu ugurda esasy bäsdeşleri “Warner Bros.” we “Universal” (hersi aýratynlykda 13 göterime deň) kompaniýalarynyň bilelikdäki gazanjyndan has köpdür.