Öz döwründe uly gowur turzan “Matrisa” (Matrix) filmi ekranlara dolanýar. 4-nji kinonyň surata düşüriljekdigi barada “Warner Bros. Picture” şereketiniň ýolbaşçylaryndan Tobi Emmerih resmi ýagdaýda habar berdi. Ozalky filmleriň artistleri Keanu Riwes (Neo) bilen Kerri-Enn Moss (Triniti) täze kinoda hem baş keşpleri janlandyrarlar. Filme bu gezek Waçowski doganlaryň diňe biri – Lana Waçowski režissýorlyk eder. Ol şol bir wagtyň özünde filmiň ssenarisini Aleksandar Hemon hem-de Dewid Mitçell bilen bilelikde ýazar. “Warner Bros. Pictures” we “Village Roadshow Pictures” şereketleriniň bilelikde hemaýat etmeginde taýýarlanyljak filmiň surata düşüriliş işlerine öňümizdäki ýylyň başlaryna badalga berler. Filmiň haýsy temada boljakdygy häzirlikçe belli däl.
“Matrisa” filmleriniň öňki nusgalary – “The Matrix” (1999), “The Matrix Reloaded” (2003) hem-de “The Matrix Revolutions” (2003) umumylykda 1,6 milliard dollarlyk girdeji gazandy. Öňki 3 kinony doganlar Lana we Lili Waçowskiler surata düşüripdi.