To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ta­mam­la­nyp bar­ýar. Dynç alyş möw­sü­min­de ge­çen okuw ýy­lyn­da ge­çi­len ders­le­ri gaý­ta­la­dyk, çe­per eser­le­ri oka­dyk, dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de bo­lup, tä­ze dost­lar tu­tun­dyk, se­ýil­gäh­ler­de dynç al­dyk, sport bi­len meş­gul­lan­dyk, oba dur­mu­şy bi­len ta­nyş­dyk. Ara­myz­da ýüz­me­gi, küşt­dür şaş­ka oý­na­ma­gy öw­re­ne­ni­miz hem bar­dyr. In­di bol­sa mek­de­be taý­ýar bol­ma­gyň wag­ty ge­lip ýet­di. Şo­nuň üçin ýat­ýan we tur­ýan wag­ty­my­za has köp üns ber­me­li. Mek­de­be git­mez­den ozal ýu­w­nup, iýip-içip, geý­nip ýe­tiş­me­li. Eý­sem, tä­ze okuw ýy­ly­na öw­re­niş­mek, sa­pak­lar­dan has ýo­ka­ry ne­ti­je al­mak üçin nä­hi­li taý­ýar­lyk gör­me­li?! Ge­liň şo­la­ra se­re­de­liň!

Ge­çen okuw ýy­lyn­da to­mus­ky dynç alyş­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi­ňiz tab­şy­ry­lan öý iş­le­ri­ne gaý­ta­dan se­re­diň! Mas­la­hat ber­len ki­ta­ba gaý­ta­dan göz gez­di­riň!
Baş­ga bir ýe­re myh­man­çy­ly­ga ýa-da ge­ze­len­je gi­den bol­sa­ňyz 4-5 gün öňün­den öýü­ňi­ze ge­liň! Uzak ýe­re gi­den bol­sa­ňyz, öň­rä­gin­den ge­lip, dynjyňyzy alsaňyz go­wy bo­lar.

Okuw­dan bir-iki gün öň söw­da mer­kez­le­ri­ne ýa-da ba­zar­la­ra gi­dip köp wagt ge­çir­mäň! Umu­man, oku­wyň öň ýa­ny ýa­da­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Ir ýa­typ, tur­ma­gy, er­tir­lik edin­me­gi en­dik edi­niň! Çalt taý­ýar bol­ýan na­har­lary iý­mäň! Öý­de iýip-içiň!
Te­le­wi­zor, te­le­fon we komp­ýu­ter ýa­ly zat­la­ra güý­men­mäň! Wag­ty­ňy­zy ki­tap okap, pazzl, küşt, şaş­ka ýa­ly oýun­lar oý­nap we maş­ga­la ag­za­la­ry­ňyz ýa-da deň-duş­la­ry­ňyz bi­len gür­rüň­deş bo­lup ge­çi­riň!
Ders­le­re taý­ýar­lan­mak üçin çyz­gyç, boz­guç, ga­lam ýa­ly ge­rek­li äh­li es­bap­la­ry­ňyz dü­züw bol­sun. Okuw es­bap­la­ry­ňyzy we egin-eşik­le­riňizi ene-ata­ňyz bi­len bi­le­lik­de alyň!
Synp­daş­la­ry­ňyz bi­len du­şu­şyp, olar bi­len bi­le­lik­de wagt ge­çi­riň!
Okuw baş­lan­soň, öz uky­by­ňy­za gö­rä, mek­dep­dä­ki gur­nak­la­ra, çä­re­le­re, ylym-bi­lim we beý­le­ki ýa­ryş­la­ra gat­na­şyň!
Ki­tap­ha­na bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­luň! Öz ýa­şy­ňy­za gö­rä, gy­zyk­lan­ýan çe­per eser­leriňizi okaň! Mu­nuň üçin mu­gal­lym­la­ry­ňyz­dan kö­mek so­rap bi­ler­si­ňiz.
Tä­ze goý­lan ders­ler si­ziň üçin nä­ta­nyş bo­lup bi­ler. Is­len­dik ders­de dü­şün­me­dik ýerleriňizi mu­gal­ly­my­ňyz­dan so­raň!