“Lockheed Martin” we “Boeing” kompaniýalarynyň bilelikde döreden “United Launch Alliance” (ULA) kompaniýasy öňümizdäki 30 ýylyň dowamynda Ýeriň orbitasynda işlejek ýangyç bekedini gurmagy maksat edinýär. “Cislunar 1000 Vision” atly taslamanyň çäklerinde ACES atly maddadan peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu ýangyjyň belli bir bölegi gaýtadan peýdalanylar. Ony gaýtadan ulanmak üçin suw gerek bolar. Suw Aýdan ýa-da beýleki asman jisimlerinden alnar. “Cislunar 1000 Vision” taslamasy barada geçen aýda geçirilen maslahatda anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu desga kosmos gämilerini ýangyç bilen üpjün eder. Şeýlelikde, kosmosa degişli taslamalar has arzan bolar. Atmosferanyň daşyna çykmaly emeli hemralar diňe şol desga çenli gerek bolan ýangyjyny alyp giderler. Şeýlelikde, kosmosa çykmak üçin has az energiýa sarp ederler. Orbitadaky bekede baryp, ol ýerde gaýtadan uçurylar.
Müşderileriň sany artýar
Kolorado ştatynyň Magdan mekdebiniň hünärmeni Angel Abbud Madrid mundan ozal, şeýle taslama islegiň ýokdugyny aýtdy. Hünärmen bu senagatyň bolmagy üçin üç zadyň – gaýtadan peýdalanylýan çeşmäniň, ol çeşmäni öndürmek üçin tehnologiýanyň we ony satyn aljak müşderiniň gerekdigini aýtdy. Ol häzire çenli diňe döwlet kärhanalarynyň şeýle bekede müşderi bolup biljekdigi üçin onuň üstünde işlenmändigini belledi. Golaýda ULA öz bekedinde şeýle çeşmäni peýdalanjakdygyny mälim etdi.
ULA-nyň başlygynyň orunbasary Jorj Sowers müşderileriň bu ýangyjyň kilogramyna 3 müň dollar töläp biljekdiklerini, häzirki wagtda Aýyň üstünde onuň kilogramyny 500 dollara öndürip boljakdygyny belledi.
Bu görkezijiler häzirlikçe çaklamadan ybarat hem bolsa, geljekde kosmosdaky magdandan peýdalanjak şereketleriň uzak möhletli maksatnamalary durmuşa geçirmekleri üçin uly ähmiýete eýedigi aýdylýar.
Kosmosyň çuňluklaryna aralaşmak, has daşdaky planetalary öwrenmek ýaly tagallalar Aýda ýa-da beýleki planetalarda adamly beketleri gurmaga itergi berýär. Bu bolsa, tehnologiýanyň has-da ösmegine bagly bolup durýar.