Daşky gurşawy aýawly saklamaga degişli taslamalaryň sany günsaýyn köpelýär. Şwesiýada elektrik energiýasy bilen üpjün edilen ýol synagdan geçirilip başlandy. Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak maksady bilen taýýarlanan taslamany “Siemens” we “Scania” kompaniýalary taýýarlapdyr. Bu usul, aslynda, dünýäde diýseň köp wagtdan bäri peýdalanylýar. Ýük ulagy otlynyň ýa-da tramwaýyň ýolundan geçip barýarka, olaryň elektrik geçirijilerini ulanýar we batareýasyna zarýad berýär. Ýagny ýangyjyň deregine elektrik energiýasyny onuň çeşmesinden alýar. Ýük ulaglary gibrid görnüşinde öndürilipdir. Beýleki ýollardan geçeninde bolsa, ýene öňküsi ýaly, ýangyç bilen hereket etmegini dowam etdirýär. “Siemens”-iň ýolbaşçysy Hasso Jorj Grunjes onuň täzelik däldigini, diňe alternatiwadygyny aýdýar. Ýol ýurduň paýtagty Stokgolmyň demirgazygyndaky Sandwiken şäheriniň golaýyndaky awtomagistralyň iki kilometrlik ýerinde synag maksady bilen gurlupdyr.
Ýük maşynlarynyň elektrik energiýasyny almagy üçin ýokardan simler geçirilipdir. Onuň tizligi sagatda 90 kilometrden geçse, ulgam awtomat usulda öçýär.
Ýük ulaglaryny öndürmegi bilen tanalýan “Scania” kompaniýasynyň gibrid we elektrik bölüminiň işgäri Nils-Gunnar Wagstedt bolsa, bu usuly ulanmagyň diýseň amatlydygyny aýdýar. Ulagyň elektrik energiýasyndan peýdalanmagy üçin ýoluň bellenen ýerinden sürülmegi ýeterlik. Ol awtomat usulda elektrik simlerine baglanýar. Eger ýolda bellenen çyzykdan çyksaňyz, ýene-de awtomat usulda öçýär. Ulgam gysga wagtlyk öçen wagty ulag ýa batareýanyň togundan peýdalanýar, ýa-da ýangyçly hereketlendirijisi işe girýär.
Hünärmenler bu ulgamy iki ýyllap synagdan geçirerler. Eger oňyn netije alynsa we ykdysady taýdan peýdaly hasaplansa, ýurduň beýleki ýerlerinde hem ýola goýlar.