Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň kör­pe ne­sil­le­ri­niň we ru­hu­be­lent ýaş­la­ry­nyň döw­re­bap bi­lim­dir ter­bi­ýe al­ma­gy üçin düýp­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap mek­dep­le­riň, sport mek­dep­le­ri­niň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, sta­di­on­la­ryň, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, sag­dyn be­den­li ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy üçin gö­nük­di­ri­len dur­muş sy­ýa­sa­tyň aja­ýyp mi­we­le­ri­dir.
To­mus pas­ly­nda oňat dynç alan mek­dep okuw­çy­la­ry tä­ze okuw ýy­ly­ny uly hö­wes bi­len gar­şy­lar­­lar. 2019-2020-nji okuw ýy­ly hem ýe­tip gel­di. Okuw ýy­ly­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de mek­dep ba­zar­la­ry he­re­ket edip, şol ýer­ler­de okuw es­bap­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, mek­dep ly­bas­la­ryny al­ma­ga müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.
Ýur­du­myz­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni giň­den bel­le­ni­lip, uly da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Şol gün dür­li çä­re­ler gu­ra­lyp, no­bat­da­ky okuw ýy­ly gar­şy­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň umu­my bilim berýän or­ta mek­dep­le­rin­de oku­wyň 12 ýyl­lyk möh­le­te ge­çi­ril­me­gi bi­len, okuw mak­sat­na­ma­la­ry­dyr okuw ki­tap­la­ry maz­mun taý­dan ýy­lyň-ýy­ly­na kä­mil­leş­di­ril­ýär. Esa­san hem, san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da tä­ze-tä­ze ders­ler gi­ri­zil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň san­ly yk­dy­sa­dy­ýet we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my­na ber­ýän bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, şu ýy­l ýur­du­myz­da Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty hem-de In­že­ner-teh­ni­ki we ulag ko­mmu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty özü­niň il­kin­ji ta­lyp­la­ry­ny ka­bul et­di. Bu ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan ýaş­lar kä­mil bi­lim alar­lar. Wa­ta­ny­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça-da uly iş­ler ýo­ka­ry dep­gin­de ama­la aşy­ryl­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, elekt­ron ul­ga­ma geç­mek bol­sa, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim ul­ga­my­nyň has-da kä­mil­leş­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ila­tyň hal-ýag­da­ýy­nyň mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata­lyk ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, her ýyl birinji synpa gelýän ýaşajyk okuwçylara öw­re­di­ji komp­ýu­ter­ler sow­gat edil­ýär. Bu däbiň düýbi milli Liderimiz tarapyndan 2011-nji ýylda tutulyp, çagalaryň terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi baradaky aladanyň ýene bir su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Şeýle hem güýzüň birinji güni ýurdumyzda, däp bolşy ýaly, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk badalga alýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da dü­şün­di­riş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­ne ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň eko-we­lo­si­ped to­par­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi ba­bat­da hem anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le to­par­la­ryň mek­dep­le­riň ýa­nyn­da no­bat­çy­ly­gy­ny gu­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ça­ga­la­ryň ara­syn­da ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň ge­çi­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.
Ýur­du­my­zyň ýaş nes­li ba­ra­da uly ala­da­lar ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik tu­tum­la­ry he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň hem-de ta­lyp ýaş­la­ryň tä­ze okuw ýy­ly gut­ly bol­sun!

Näzik Hudaýberdiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.