“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde berkarar döwletimizde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Geçen ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler bu işlere oňyn täsirini ýetirýär. Esasan hem, obasenagat toplumy barada kabul edilen çözgütler özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. 2019-njy ýyldan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, kärendeçilere, mülkdarlara, daýhan hojalyklaryna 99 ýyllyk möhlet bilen ýer böleklerini bermek, bölünip berlen ýeriň 70 göteriminde Watanymyzyň baş baýlyklary bolan pagta, bugdaý we döwlet tabşyryklaryna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan ýer böleginde bolsa ekin dolanyşygyna girýän beýleki ekinleri ekmek, şeýle-de ýeňillikli şertlerde bank karzynyň hasabyna oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga ygtyýar bermek ýaly taryhy çözgütler oba zähmetkeşleriniň buýsanjyny artdyryp, öňküden-de yhlasly, gaýratly zähmet çekmäge, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga uly itergi berýär.
Ýurdumyzyň baş baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynda hem döwlet ähmiýetli bu möhüm çärä taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Ilat arasynda ýurdumyzyň geljekki ösüşlerinde möhüm ähmiýeti boljak Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ikinji mejlisi barada wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan milli demokratik syýasaty netijesinde, ýurdumyzda syýasy çäreler örän guramaçylykly guralýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisine gatnaşmaga mynasyp wekilleri saýlamak boýunça jemgyýetçilik guramalary tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan bu möhüm syýasy çärä dürli ugurlarda zähmet çekýän, ilat arasynda uly at-abraýa, hormata eýe bolan, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny has-da gowulandyrmak bilen bagly başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan agzalarymyzy hödürledik.
Halkymyzda gadymdan gelýän “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähim bar. Hormatly Prezidentimiz şol pähime eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini elmydama il sylagly ýaşulularymyz, mährem enelerimiz bilen geňeşýär, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän raýatlarymyz bilen maslahatlaşyp, pikir alyşýar. Berkarar döwletimiziň ykdysady ösüşleriniň, bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlaryny kesgitlejek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ikinji mejlisiniň hem ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşinde örän uly ähmiýeti bolar.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz
welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.