Dünýäde meşhur adamlaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, bisnesmenleriň hemmesiniň diýen ýaly öz kitaby bar. Olar öz kitaplarynda üstünlik gazanmagyň syrlaryny gürrüň berýärler. “Microsoft” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Satýa Nadella hem özüniň ilkinji kitabyny çapa taýýarlaýar. Habar berlişine görä, “Hit Refresh” atly kitapda dürli temadan söhbet açylar. Ol özüniň nädip kämilleşendigini, “Microsoft”-da häzire çenli bolup geçen üýtgeşmeleri we emeli aňyň ösmegi bilen geljekde adam bilen enjamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň nähili boljakdygy barada gürrüň berer. Kitaba okyjylar köpçüliginiň nähili baha berjekdigini wagt görkezer. Sebäbi bu onuň ilkinji kitaby bolar. 2017-nji ýylda satuwa çykaryljak kitap barada golaýda has köp maglumat ýaýradylar.