Us­sat re­žiss­ýor Ro­bert Rod­ri­ges “Netf­lix” üçin “We Can Be He­ro­es” (“Biz gah­ry­man bo­lup bi­le­ris”) at­ly tä­ze filmi su­ra­ta dü­şü­rer. Bu ek­ran ese­rin­de baş keş­bi Bol­li­wu­dyň gö­zel ýyl­dy­zy Pri­ýan­ka Çop­ra jan­lan­dy­rar. Soň­ky wagt­lar­da “Ma­li­bu­nyň ha­las edil­me­gi” (Bay­watch), “Ro­man­tik däl­mi?” (Isn’t It Ro­man­tic) ýa­ly Gol­li­wud film­le­rin­de-de su­ra­ta dü­şen Çop­ra bi­len bir ha­tar­da, tä­ze ki­no­da Ped­ro Pas­kal, Kris­ti­an Sleý­ter, Kris­to­fer Mak­do­nald, Boýd Holb­rok ýa­ly ar­tist­ler hem dür­li keşp­le­ri jan­lan­dy­rar. Su­per gah­ry­man­la­ryň dün­ýä­ni gel­mi­şek­ler­den ha­las edi­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýän fil­miň sse­na­ri­si­ni re­žiss­ýo­ryň özi ýa­zar. Film gel­jek ýy­lyň 2-nji ýa­ry­myn­da “Netf­lix” plat­for­ma­la­ryn­da hem-de az san­ly saý­la­nan ki­no­teatr­larda gör­ke­zi­ler.