Gün ener­gi­ýa­sy bi­len Ýer ýü­zü­ni aý­lan­ýan uçar “So­lar Im­pul­se – 2” öz sy­ýa­ha­ty­ny ta­mam­lap bar­ýar. Go­laý­da Ame­ri­ka­dan Ýew­ro­pa aş­ma­gy ba­şa­ran uçar soň­ky ge­zek Is­pa­ni­ýa­dan Mü­sü­riň paý­tag­ty­na bar­dy. And­re Borş­ber­giň do­lan­dy­ran “ho­wa gä­mi­si” öz sy­ýa­ha­ty­nyň 16-njy tap­gy­ry­ny 50 sa­gat 30 mi­nut­da ta­mam­la­dy. Ol bu sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da Al­žir, Tu­nis, Mal­ta, Ita­li­ýa we Gre­si­ýa­nyň üs­tün­den geç­di. Uça­ryň uçu­şy ho­wa­nyň ýag­da­ýy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly bo­lup dur­ýar. Uça­ryň in­di­ki ug­ru­nyň ni­rä bol­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe nä­mä­lim. Eý­ýäm bir­nä­çe re­kor­da ady­ny ýaz­dy­ran uçar ba­ran ýur­dun­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga ün­si çek­mek mak­sa­dy bi­len has iç­gin ta­nyşdyryl­ýar.
Gün batareýalary arkaly hereket edýän uçar Kair şäherine gonmanka, Müsüriň nyşany hasaplanýan Giza piramidasynyň ýokarsyndan simwolik uçuşyny hem amala aşyrdy. «Solar Impulse – 2» uçary öz syýahatyna 2015-nji ýylyň 9-njy martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinden başlapdy. Ol degişlilikde Omanda, Hindistanda, Mýanmada, Hytaýda, Ýaponiýada we ABŞ-nyň birnäçe şäherinde boldy. Bu uçar 2014-nji ýylyň aprel aýynda halk köpçüligi bilen tanyşdyryldy. Şol ýylyň iýun aýynda synagdan üstünlikli geçdi. Uçaryň iň ýokary tizligi sagatda 140 kilometre ýetýär.