Ýol­suz ýer­de sür­mä­ge iň amat­ly ulag­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan mo­to­sikl­le­riň muş­da­gy az däl. Mo­tor bi­len uzak ara­ly­ga git­mek is­le­ýän­ler BMW kom­pa­ni­ýa­sy­nyň GS se­ri­ýa­sy­na de­giş­li mo­del­le­ri saý­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa bu se­ri­ýa­nyň “Trip­le Black” gör­nü­şi­ni 2017-nji ýyl üçin tä­ze­le­di. Şeý­le hem “R Ni­ne T” mo­de­li­niň ba­ha­sy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň 2017-nji ýy­la de­giş­li mo­del­le­ri­niň äh­li­si “Euro 4” ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýär. In­di­ki ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, ýo­la go­ýul­jak Ýew­ro­pa ülňülerine BMW şu wagt­dan taý­ýar­lyk gö­rüp baş­la­dy. Tä­ze ül­ňi su­wuk­lyk bi­len so­wa­dyl­ýan ulag­la­ryň tüs­se­çy­kar ul­ga­my­nyň tä­ze­len­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar. Şol se­bäp­li mo­to­ryň kä­bir äti­ýaç­lyk şaý­la­ry hem tä­ze­len­di.