“Tes­la Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne go­şant go­şan, bir dö­wür ony bat­mak­dan ha­las eden “Da­im­ler” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rou­lag­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. Şeý­le­lik­de, “Mercedes” bren­di bi­len çy­ka­ry­lan ulag­lar “Tes­la”-nyň iň uly bäs­de­şi bo­lar. Elekt­rou­lag ön­dür­mek­de en­tek o di­ýen köp iş et­me­dik kom­pa­ni­ýa öz wa­tan­da­şy BMW bi­len meň­zeş stra­te­gi­ýa­ny alyp bar­ýar. Mun­dan soň­ky mo­del­le­ri­niň äh­li­si­niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi bo­lar. “Mercedes-Benz”-iň Awst­ra­li­ýa­dan jo­gap­kär we­ki­li De­wid Mak­Kar­ti tä­ze tas­la­ma­nyň daş­da däl­di­gi­ni, sent­ýabr­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek aw­tou­lag ser­gi­sin­de nus­ga­lyk gör­nüş­li se­dan mo­de­li­niň gör­ke­zil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Bu ulag 2018-nji ýyl­da ýol he­re­ke­ti­ne go­şu­lar.
Aw­tou­la­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýa-da onuň haý­sy mo­de­liň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi­di­gi hä­zir­lik­çe nä­mä­lim. Em­ma, il­kin­ji no­bat­da, ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dür­jek elekt­rou­la­gy­nyň bir ge­zek­ki zar­ýad bi­len 480 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­jek­di­gi mä­lim edil­di.