Bolliwud filmleriniň Oskary hasaplanylýan IIFA baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Ispaniýanyň paýtagty Madridde geçirildi. Halkara Hindistan kino akademiýasy tarapyndan berilýän bu baýraklaryň gowşurylyşy 17-nji sapar guralýar. Dabara Bolliwudyň meşhur ýyldyzlary gatnaşdylar. Uly şowhuna öwrülen agşamda 30-a golaý ugurda baýraklar öz mynasyplaryna gowşuryldy. Çäräniň iň esasy sylagy bolan iň gowy film baýragyna “Bajrangi Bhaijaan” kinosy mynasyp boldy. Salman Hanyň baş keşpde surata düşen filmi dostluk-doganlyk, agzybirlik, hemmä hormat goýmak temalarynda bolup, bu ekran eseri geçen ýylyň iň girdejili kinosy diýlip hasaba alnypdy. Ol umumy sanawda-da 2-nji ýeri eýeleýär. Film “Piku”, “Talvar”, “Bajirao Mastani” ýaly kinolaryň arasyndan saýlandy. Iň gowy režissýor baýragy “Bajirao Mastani” filmini surata düşüren Sanjaý Lila Bansalä gowşuryldy. Bu ekran eseriniň artistlerinden Ranwir Sinh iň gowy aktýor, meşhur ýyldyz Priýanka Çopra ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýraklaryna laýyk görüldi. Häzirki wagtda Golliwud filmlerinde-de özüni görkezýän owadan aktrisa Çopra ýylyň zenany diýlen ugurda IIFA-nyň hormat sylagyna-da mynasyp boldy. Iň gowy aktrisa sylagy “Piku” filmindäki keşbi üçin Dipika Padukonä berildi. “Bajirao Mastani” filmi bilenem bu ugurda dalaşgär görkezilen aktrisa Priýanka Çopra, Kangana Ranau, Şraddha Kapur, Jekelin Fernandes ýaly aktrisalardan tapawutlandy. Bolliwudyň meşhur artisti Anil Kapur “Dil Dhadakne Do” filmindäki keşbi esasynda ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragy bilen sylaglandy.
IIFA baýraklarynyň esasy ugurlarynyň 3-sini alan “Bajirao Mastani” filmi tehniki ugurlarda-da birnäçe sylaga laýyk görüldi. 16 ugurda dalaşgär görkezilen kino dabaradan 13 baýrak bilen dolandy. Film iň gowy uruşly kino, ýörite effektler, horeografiýa, operatorlyk işi, grim, bezegçilik önümi, ses, ses ýazgysy, şol sanda iň gowy ses bezegi we saz ugurlarynda IIFA heýkeljiklerini gazandy. Iň gowy ssenariý baýragy “Bajrangi Bhaijaan” filmine berlen bolsa, “Dum Laga Ke Haisha” kinosy iň gowy aýdym, iň gowy zenan we erkek pleýbek sylaglaryny eýeledi.
Bolliwud filmleriniň esasy sylaglaryndan diýlip görkezilýän IIFA baýraklary 2000-nji ýyldan bäri yzygiderli gowşurylyp gelinýär. 100-den gowrak ýurtda teleýaýlym arkaly göni ýaýlymda görkezilýän baýrak gowşurylyş çäreleri her ýyl bir döwletiň uly şäherinde geçirilýär. Dabara häzire çenli London, Toronto, Tampa, Makau, Singapur, Amsterdam, Ýohannesburg, Dubaý, Bangkok, Kuala Lumpur ýaly dünýäniň iri şäherlerinde guraldy. Şol dabaralarda “Lagaan”, “Devdas”, “Veer-Zaara”, “Rand de Basanti”, “Jodha Akbar”, “3 Idiots”, “Dabangg”, “Barfi!”, “Queen” ýaly köpüň söýgüsini gazanan kinolar iň gowy film baýragyny eýeläpdiler.