Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde seýrek duş gelýän haýwanlary goramak boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Onda esasan hem, tebigatdaky žirafalary goramaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Afrikada žiraflaryň köpeliş ýagdaýy ep-esli azaldy. Olaryň sany ýabany pillerden hem azdyr. Ýabany tebigat boýunça Bütindünýä maslahaty ilkinji gezek žiraflary goramak babatda çykyş etdi. Hususan-da, bu jandaryň etiniň, derisiniň hem-de süňküniň söwdasyny ep-esli çäklendirmek başlangyjy öňe sürüldi. Ýöne häzirlikçe olaryň söwdasyny doly gadagan etmek göz öňünde tutulmaýar. Bu başlangyjy maslahata gatnaşan 106 wekiliýet goldady.
Ýabany tebigat boýunça Bütindünýä maslahatyna 180 ýurtdan wekiller gatnaşdy. Bu maslahatda pilleriň süňküniň söwdasy, akulalaryň azalmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.
Bütindünýä maslahaty ýitip gitmek howpy abanýan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň görnüşleriniň söwdasy boýunça 3 ýyldan bir gezek geçirilýär. Bilermenleriň maglumatyna görä, häzirki wagtda žiraflaryň 100 müňüsi galdy. Köpelmek häsiýetine eýe bolan 70 müň žiraf Afrikada ýaşaýar. Soňky 30 ýylyň dowamynda žiraflaryň sany 30-40 göterim azaldy.
Begenç NURULLAÝEW,
Dänew etrabyndaky
24-nji orta mekdebiň mugallymy.