Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýä giňişliginde üýtgewsiz ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňýanynda halkymyza peşgeş beren “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitaby çapdan çykdy. Hormatly Prezidentimiziň milli taryhy-medeni gymmatlygyň ýene-de bir ugruny açyp görkezýän nobatdaky eseri ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpanyň nobatdaky ykrarnamasy boldy.
Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň türkmen hem-de daşary ýurtly okyjylar köpçüligine gowuşmagy şanly wakalaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeginde hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we başga-da köp sanly ýerlerde geçirilen we geçirilýän tanyşdyrylyş dabaralarynda edilen çykyşlarda bu eseriň adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň, pähim-paýhasynyň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýändigi nygtalyp geçildi. Şeýle hem milli Liderimiziň zehininden dörän “Türkmen alabaýy” kitaby milletiň mirasyny dünýä wagyz etmekde nobatdaky wajyp ädim bolandygy buýsançlydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, alabaý itlerimiz barada taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylypdyr. Onda hormatly Prezidentimiziň itleriň bu tohumyny köpeltmegiň milli däplerini çuňňur bilýändigi, şeýle hem bu ugra degişli nakyllarda, atalar sözlerinde we beýlekilerde öz beýanyny tapan köp sanly halk parasady beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça hut alabaý 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alyndy. Munuň özi Türkmenistanyň janly nyşany, milletimiziň we tutuş adamzadyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke bedewi ýaly, türkmen alabaýyna hem gyzyklanmanyň artmagyna ýardam etdi.
Milli Liderimiziň türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan “Türkmen alabaýy” diýen täze kitaby daşary ýurt jemgyýetçiligine hem halkymyzyň baý taryhy, medeniýeti we mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Alabaý itleri hem gamyşgulak bedewleri ýaly halkymyzyň taryhy dostudyr. Bu hakykaty esaslandyrýan gymmatly maglumatlar ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň birinde itiň guburlarynyň tapylmagy, gadymy türkmen alabaýlaryna goýlan çäksiz sarpanyň nyşanydyr. Alabaýyň adam derejesinde sarpalanmagynyň özi onuň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigi dogrusynda düýpli pikirlenmäge esas berýär. Halkymyzyň döreden “It geldi – gut geldi” diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. “Gut” sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň türkmen halkynyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.
Häzirki wagtda alabaý dünýäde iň meşhur tohumlaryň biridir. Soňky ýyllarda Orta Aziýa owçarkasyna bolan gyzyklanma Ýewropada hem artdy. Ýöne, Türkmenistanda halk seçgiçileriniň tagallasy hem-de alabaýyň beýleki tohumlardan goralyp saklanmagy netijesinde, ol beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň ilkibaşdaky keşbini saklap galypdyr. Gadym döwürlerden bäri bu tohumyň wekilleri çopan itleri hökmünde ulanylýar. Häzirki wagtda Orta Aziýa owçarkasy itleriň sakçy tohumynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Bäşim SEMIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.