Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek gurlan şeýle binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, medeniýet edaralarynyň işgärleri, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Dabaranyň geçirilýän ýerine gelen Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowy bu ýere ýygnananlar mähirli garşyladylar. Welaýatyň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, sebitiň ýaşululary bilen söhbetdeş boldy, häzirki özgertmeler barada olaryň pikirleri bilen gyzyklandy hem-de dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň ýazan “Türkmen alabaýy” diýen täze kitabyny gowşurdy.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Ol şu günki dabaranyň Garaşsyzlygymyzyň beýik baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilýändigine hem-de bu açylýan täze binanyň ähmiýetine ünsi çekdi we hemmeleri bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratly tohumyny köpeltmek boýunça işleriň ýokary hünär derejesinde amala aşyryljak bu toplumyň açylmagy hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda halkymyza peşgeş beren “Türkmen alabaýy” diýen täze kitabynyň il-günümize gowuşmagy bilen hem gabat geldi. Hormatly myhmanlar “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binasynyň toý bagyny kesdiler. Dabara gatnaşyjylar täze bina aýlanyp, onda döredilen şertler bilen tanyşdylar. Bu desga türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenen binalaryň toplumyndan ybaratdyr. Toplumy bina etmekde baş potratçy bolup çykyş eden “Bary” hojalyk jemgyýeti hem-de esasy we kömekçi potratçy edaralar tagallalaryny birleşdirip, bellenilen işleri bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirdiler. Haýwanlar üçin bu weterinar merkeziniň gurluşygy tiz wagtda tamamlanar, bu gün bolsa dabaraly ýagdaýda türkmen alabaýlary üçin bir gektar meýdany tutýan ýerde gurlan ýöriteleşdirilen binalar toplumy açyldy. Onuň düzüminde hemme zerurlyklar döredilipdir, çünki uly itler özleri üçin aýratyn giňişlige mätäçdir. Toplumda uly itleri saklamaga niýetlenen 40 sany ýer, ýaş itler üçin niýetlenen 30 ýer göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärleriň dynç almagy üçin niýetlenen bassyrma, işgärler üçin bina, barlag geçiriş nokady bar. Barlaghana zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Hojalyk binasy itleri naharlamak üçin otagdan, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglaryndan ybarat. Toplumda itleri suwa düşürmäge niýetlenen ýörite bina hem gurlupdyr. Şeýle hem weterinar gulluk binasynyň 5-si, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin bassyrmaly manež, tomaşaçylar üçin münberli tomaşa meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, awtoulaglar üçin iki sany garaž, şeýle hem tehniki we beýleki degişli binalar toplumyň desgalarynyň üstüni ýetirýär.
Röwşen KETJALOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.