Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli maksatnamalar bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky üstünlikleri milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde giňden beýan edildi.
Şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmelere degişli meseleleriň giň toplumy maslahatlaşyldy. Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek – Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi. “Döwlet adam üçindir!” diýen beýik taglymaty öňe süren hormatly Prezidentimiz möhüm jemgyýetçilik-syýasy forumda eden taryhy çykyşynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly işleri beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň esasy senagat döwletleriniň hataryna ynamly goşulýar. Türkmenistan indi ençeme ýyllardan bäri, Merkezi Aziýada, galyberse-de, tutuş dünýäde ykdysady taýdan okgunly ösýän ýurtlaryň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň 2018-nji ýylyň jemleri boýunça 6,2 göterime, 2019-njy ýylda bolsa, häzirki wagtda 6,3 göterime deň bolmagy, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan we ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine gönükdirilen özgertmeler, önümçilik pudagyna ylmyň, tehnikanyň gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sanly ykdysadyýete geçmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyna laýyklykda, Senagat pudagy hem yzygiderli we durnukly depginler bilen ösýär. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde bu pudagyň paýy 32,6 göterime ýetdi. Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň hem-de ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda gurulýan dürli senagat we gurluşyk maksatly önümleriň önümçiliginiň gurulmagy ýurduň senagat kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy hem üstünlikli dowam edýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 1,8 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň özleşdirilmegine garaşylýar.
Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek babatdaky işleri giňden beýan etdi. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen ýurdumyzda köp sanly täze iş orunlary döreýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryna programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenler gerek bolýar. Şonuň üçin milli Liderimiz bu ugurda hem özüniň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzda Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döredip, bilim ojaklarynda bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze hünärleriň goşulmagyna şert döretdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak işleriniň ilerledilýän döwründe Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Sanly ykdysadyýet ylym-bilim pudagynyň hem özboluşly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda gurulýan mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap hem-de ylmyň soňky gazanan tehnologiýasy bilen üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär, şonuň ýaly bilim ojaklarynyň sanynyň köpeldilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalar edilýär. Muňa milli Liderimiziň umumymilli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamamyza laýyklykda, 2019-2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň gurulmagynyň göz öňünde tutulandygyny belläp geçmegi, ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek ýolunda edilýän işleriň bimöçberdigini alamatlandyrýar.
Umuman, Halk Maslahatynda milli Liderimiziň öňe süren ynsanperwer başlangyçlary, ýurdumyzy has-da ösdürmäge niýetlenen iri möçberli maksatnamalary halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Guwanç SEÝDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Halk Maslahatynyň agzasy.