Hin­di ki­no sun­ga­ty­nyň ägir­di Aa­mir Ha­nyň no­bat­da­ky fil­mi “Lal Singh Chadd­ha” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ame­ri­ka­ly meş­hur akt­ýor Tom Henk­siň baş keşp­de su­ra­ta dü­şen “For­rest Gamp” (For­rest Gump, 1994) fil­mi­niň ri­meý­ki (täzeden düşürilen görnüşi) bol­jak bu ki­no­da Aa­mir Ha­na owa­dan akt­ri­sa Ka­ri­na Ka­pur Han hem ýol­daş­lyk eder. Ýe­ne-de bir aý­dan Pun­jab­da ekranlaşdyrylyp baş­lan­jak fil­mi re­žiss­ýor Ad­wa­it Çan­dan su­ra­ta dü­şü­rer. Film gel­jek ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar. Aa­mir Han bi­len Ka­ri­na Ka­pur Han mun­dan ozal köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan “3 ten­tek” fil­min­de bi­le­lik­de su­ra­ta dü­şüp­di.
Bol­li­wu­dyň dün­ýä bel­li akt­ri­sa­sy Aiş­war­ýa Rai Baç­çan “Pon­niyin Selvan” at­ly film­de su­ra­ta dü­şer. Ma­ni Rat­na­myň re­žiss­ýor­lyk et­jek ki­no­syn­da owa­dan akt­ri­sa bir­ba­da iki keş­bi jan­lan­dy­rar. Ta­mil di­lin­de bol­jak fil­me “Lyca Pro­ductions” şe­re­ke­ti he­ma­ýat­kär­lik eder. Fil­miň beý­le­ki ar­tist­le­ri bi­len bir ha­tar­da, onuň ha­çan su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­lan­jak­dy­gy hem-de ha­çan ek­ran­la­ra çyk­jak­dy­gy öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li bo­lar.