Hin­di ki­no sun­ga­ty­nyň öň­de­ba­ry­jy sy­lag­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän IIFA baý­rak­la­ryn­da “Jan­syz ze­nan” (Raa­zi) at­ly film iň go­wy ki­no diý­lip saý­lan­dy. Go­laý­da Mum­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len IIFA-nyň (Hal­ka­ra Hin­di film aka­de­mi­ýa­sy­nyň baý­rak­la­ry) 20-nji baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­duň ki­no sun­ga­ty­nyň meş­hur­la­ry gat­naş­dy­lar. Fil­miň baş keş­bin­de su­ra­ta dü­şen Alia Bhatt iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Hin­dis­tan­da ge­çen ýyl pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lan bu film mart aýyn­da-da “Film­fa­re” baý­rak­la­ryn­da-da iň go­wy film diý­lip saý­la­nyp­dy.
Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy “Pad­ma­wa­ti” (Pad­maavat) fil­min­dä­ki keş­bi üçin Ran­bir Sing­he be­ril­di. “Ba­tyl mu­kam” (And­had­hun) fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­ren Sri­ram Rag­ha­wan iň go­wy re­žiss­ýor diý­lip saý­lan­dy. Bu film mun­dan baş­ga-da 5 heý­kel­jik ga­zan­dy. Fil­miň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry iň go­wy he­ka­ýa, sse­na­riý, saz, ses hem-de mon­taž baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di.
“San­ju” fil­min­dä­ki keş­bi üçin Wi­ki Kau­şal ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor, “Pad­maa­wa­ti” fil­min­de çy­kyş eden Adi­ti Rao Hy­da­ri ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ri­sa baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Iş­ha­an Ka­ter bi­len Sa­ra Ali Han ýy­lyň tä­ze akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ry bi­len sy­lag­lan­dy.
“Jan­syz ze­nan” fil­min­dä­ki “Ae Wa­tan” hem-de “Dil­ba­ro” aý­dym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren, de­giş­li­lik­de, Ar­jit Singh iň go­wy er­kek pleý­bek aý­dym­çy­sy hem-de Harş­dip Ka­ur bi­len Wib­ha Sa­raf iň go­wy ze­nan pleý­bek aý­dym­çy­la­ry baý­rak­la­ry­ny eýe­le­di­ler. 10 ugur bo­ýun­ça da­laş­gär gör­ke­zi­len “Pad­ma­wa­ti” fil­mi iň go­wy akt­ýor we ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ri­sa baý­rak­la­ryn­dan daş­ga­ry iň go­wy ope­ra­tor­lyk işi hem-de iň go­wy ho­re­og­ra­fi­ýa diý­len ugur­lar­da hem öňe saý­lan­dy.