Formula1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 19-njy ýa­ry­şy Ame­ri­ka “Gran Pri­sin­de” çem­pi­on bel­li bol­dy. Te­has şta­ty­nyň Os­tin şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da to­par­da­şy Walt­te­ri Bot­tas­dan soň, 2-nji or­ny eýe­län bri­ta­ni­ýa­ly Lýu­wis Ha­mil­ton F1-iň 70-nji möw­sü­mi­niň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Şun­luk­da, “Mercedes” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si, 34 ýa­şyn­da­ky Lýu­wis Ha­mil­ton bas­syr 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 6-njy çem­pi­on­ly­gy­na my­na­syp bol­dy. Il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny 2008-nji ýyl­da ga­za­nan Ha­mil­ton soň­lu­gy bi­len, 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da F1-iň çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­di. Ga­za­ny­lan bu üs­tün­lik­ler­den soň, Ha­mil­ton ro­wa­ýa­ty sü­rü­ji Mi­ha­el Şu­ma­he­riň re­kord­la­ry­na go­laý­la­dy. 83 ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nan Ha­mil­to­nyň 91 ýe­ňiş­li Şu­ma­he­riň re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­gi üçin ýe­ne-de 9 bäs­le­şik­de öňe saý­lan­ma­gy ge­rek. Ha­mil­ton 7 ge­zek F1-iň çem­pio­ny bo­lan Şu­ma­he­riň bu re­kor­dy­ny hem ady­na ge­çir­mä­ge go­laý gel­di.

Ame­ri­kan “Gran Pri­sin­de” 56 aý­la­wy 1 sa­gat 33 mi­nut 55,653 se­kunt­da ta­mam­lan finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňi­ji bol­dy. 2-nji or­ny eýe­län Ha­mil­ton­dan soň, mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na “Red Bull” to­pa­ry­nyň gol­land pi­lo­ty Maks Wers­tap­pen çyk­dy. Möw­sü­miň soň­ky 2 ýa­ry­şy 17-nji no­ýabr­da Bra­zi­li­ýa­da hem-de 1-nji de­kabr­da Abu-Da­bi­de ge­çi­ri­ler.