Ýew­ro­pa film baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­daky da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Yk­ly­myň Os­ka­ry ha­sap­lan­ýan Ýew­ro­pa baý­rak­la­ry bu ýyl 32-nji ge­zek gow­şu­ry­lar. Iň go­wy film baý­ra­gy ug­run­da Ro­man Po­lans­ki­niň “Ofi­ser we jan­syz” (J’accuse), Ladž Li­niň “Terk edi­len­ler” (Les mi­se­rab­le), Ped­ro Al­mo­do­wa­ryň “Azap we ýe­ňiş” (Do­lor y Glo­ria), Ýor­gos Lan­ti­mo­syň os­kar­ly fil­mi “Söý­gü­li” (The Favou­ri­te), ger­ma­ni­ýa­ly No­ra Fing­şe­id­tiň “Ul­gam­la­ry ýok edi­ji” (Sys­temsp­ren­ger) hem-de Mar­ko Bel­loç­çio­nyň “Dö­nük” (Il tra­di­to­re) ýa­ly film­le­ri da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di.

Iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy ug­run­da Ro­man Po­lans­ki (“Ofi­ser we jan­syz”, J’accuse), Ýor­gos Lan­ti­mos (“Söý­gü­li”, The Favou­ri­te), Ped­ro Al­mo­do­war (“Azap we ýe­ňiş”, Do­lor y Glo­ria), Se­li­ne Şi­am­ma (“Alaw­da­ky ze­na­nyň port­re­ti”, Port­ra­it de la jeu­ne fil­le en feu) we Mar­ko Bel­loç­çio (“Dö­nük”, Il tra­di­to­re) da­gy öza­ra gö­re­şer. Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy­na An­to­nio Ban­de­ras, Žan Du­žar­din, Pierf­ran­çes­ko Fa­wi­no, Le­wan Gel­ba­hia­ni, Alek­san­der Şir, Ing­war E. Si­gurds­son, iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy­na-da Oli­wi­ýa Kol­man, Tri­ne Dyr­holm, Adel Hae­nel, Noe­mie Mer­lant, He­le­na Zen­gel hem-de Wik­to­ri­ýa Mi­roş­ni­çen­ko da­gy da­laş­gär gör­ke­zil­di.