Dün­ýä bel­li ka­na­da­ly aý­dym­çy Se­lin Dio­nyň köp wagt­dan bä­ri ga­ra­şyl­ýan tä­ze al­bo­my peý­da bol­dy. “Cou­ra­ge” at­ly bu al­bom­da 16 aý­dym bo­lup, aý­dym­lar iň­lis di­lin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu 51 ýa­şyn­da­ky aý­dym­çy­nyň iň­lis di­lin­dä­ki 12-nji, umu­my­lyk­da-da 27-nji al­bo­my­dyr. Aý­dym-sa­zyň pop gör­nü­şi­niň ägir­di ha­sap­lan­ýan Se­li­n Di­on 1990-njy ýyl­lar­da uly meş­hurlyk ga­za­nyp­dy. Onuň “Ti­ta­nik” fil­mi üçin ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dymy şöh­ra­ty­ny has-da art­dy­ryp­dy. 5 Grem­mi baý­ra­gy­nyň eýe­si Se­lin Dio­nyň şu wag­ta çen­li al­bom­la­ry­nyň tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 250 mil­li­on nus­ga­sy sa­tyn alyn­dy.