“Do­ňak­lyk – 2” (Fro­zen 2)

“Dis­ney” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da, il­kin­ji­si 2013-nji ýyl­da pro­ka­ta çy­kan “Do­ňak­lyk” ani­ma­si­ýa­sy 6 ýyl­dan soň, 2-nji ki­no bi­len ek­ran­la­ra do­lan­ýar. 1-nji fil­mi ek­ran­laş­dy­ran Kris Bak bi­len Jen­ni­fer Li 2-nji film üçin hem ýe­ne-de ka­me­ra­nyň ar­ka­sy­na geç­di­ler. 100 mi­nut­dan gow­rak wagt do­wam ed­ýän ani­ma­si­ýa­nyň esa­sy gah­ry­man­la­ry­na Idi­na Men­zel, Kris­ten Bell, Jo­na­tan Groff, Joş Gad da­gy ses ber­di. Il­kin­ji film tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 1,27 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji ga­za­nyp­dy. Os­kar baý­ra­gy­ny hem alan ani­ma­si­ýa­nyň ýe­ne-de pro­kat­dan ýo­ka­ry gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Bu ge­zek­ki ani­ma­si­ýa­da El­sa­nyň nä­me se­bäp­den ja­dy­ly güý­ji bar. Şol se­bäp­ler ony özü­ne çek­ýär, El­sa­ny ýa­ny­na ça­gyr­ýar. Hat­da şa­ly­ga haý­bat at­ýar. An­na, Kris­toff, Olaf hem-de Swen howp­ly hem bol­sa, tä­ze baş­dan ge­çir­mä baş goş­ma­ly bol­ýar­lar…

Re­žiss­ýor­la­ry: Kris Bak, Jen­ni­fer Li; Ses be­ren­ler: Idi­na Men­zel, Kris­ten Bell, Jo­na­tan Groff, Joş Gad, Ewan Ra­çel Wud, Alf­red Mo­li­na, Ster­ling K. Brawn; Prod­ýu­se­ri: Pi­ter Del We­ço; Sse­na­ri­çi: Jen­ni­fer Li; Kom­po­zi­to­ry: Kris­tof Bek; Aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ren­ler: Ro­bert Lo­pes, Kris­ten An­der­son-Lo­pes; Ön­dü­ri­ji: “Walt Dis­ney Pictu­res”, “Walt Dis­ney Ani­ma­ti­on Stu­di­os”; Paý­laý­jy: “Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 103 mi­nut; Gör­nü­şi: komp­ýu­ter ani­ma­si­ýa­sy, mýu­zi­kal, fan­tas­tik; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe.

“Çar­li­niň pe­riş­de­le­ri” (Char­lie’s An­gels)

1970–80-nji ýyl­la­ryň meş­hur te­le­se­ria­ly “Çar­li­niň pe­riş­de­le­ri” esa­syn­da oza­lam 2 film su­ra­ta dü­şü­ri­lip­di. No­bat­da­ky taý­ýar­la­nan bu fil­me meş­hur akt­ri­sa Eli­za­bet Benks re­žiss­ýor­lyk edip, onuň özi hem su­ra­ta düş­di, hat­da sse­na­ri­si­ni hem ýaz­dy. Film­de baş keşp­le­ri Kris­ten Stýu­wart, Nao­mi Skott, El­la Ba­lins­ka da­gy bi­len bir ha­tar­da, Dži­mon Hon­su, Pat­rik Stýu­wart ýa­ly ar­tist­ler jan­lan­dyr­dy. He­re­ket­li, uruş­ly ko­me­di­ýa gör­nüş­li ki­no­nyň býu­je­ti 55 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lup, ol Rio, Stam­bul, Ham­burg, Ber­lin, Lon­don hem-de Los An­je­les şä­her­le­rin­de su­ra­ta alyn­dy. Il­kin­ji hep­de­sin­de 30 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zanç eden ki­no­da Knax teh­no­lo­gi­ýa şe­re­ke­ti­niň eýe­si ýi­ti­rim bol­ýar. Soň­ra Çar­li­niň pe­riş­de­le­ri at­ly 3 sa­ny owa­dan ze­nan onuň göz­le­gi­ne çyk­ýar.

Re­žiss­ýo­ry: Eli­za­bet Benks; Keşp­ler­de: Kris­ten Stýu­wart, Nao­mi Skott, El­la Ba­lins­ka, Eli­za­bet Benks, Dži­mon Hon­su, Sem Klaf­lin, Noý Sen­ti­neo, Pat­rik Stýu­wart, Kris Pen, Lu­is He­rar­do Men­des; Prod­ýu­ser­le­ri: Eli­za­bet Benks, Maks Han­del­man, Do­ug Belg­rad, Eli­za­bet Kan­til­lon; Sse­na­ri­çi: Eli­za­bet Benks; Kom­po­zi­to­ry: Bra­ýan Taý­ler; Ön­dü­ri­ji: “Colum­bia Pictu­res”, “Per­fect World Pictu­res”, “2.0 En­ter­ta­in­ment”, “Browns­to­ne Pro­ductions”, “Can­til­lon Com­pa­ny”; Paý­laý­jy: “So­ny Pictu­res Re­lea­sing”; Do­wam­ly­ly­gy: 119 mi­nut; Gör­nü­şi: uruş­ly, ko­me­di­ýa; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 55 mil­li­on $.

“Ford Fer­ra­ri­niň gar­şy­sy­na” (Ford v Fer­ra­ri)

“Lo­gan”, “Wol­we­ri­ne”, “Walk the Li­ne” ýa­ly bir­nä­çe şow­ly çy­kan ek­ran eser­le­ri­niň re­žiss­ýo­ry Jeýms Man­gol­dyň tä­ze ki­no­sy “Ford Fer­ra­ri­niň gar­şy­sy­na” fil­min­de baş keşp­le­ri Mett Deý­mon bi­len Kris­ti­an Beýl jan­lan­dyr­ýar. ABŞ-nyň, Ita­li­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň dür­li şä­her­le­rin­de su­ra­ta dü­şü­ri­len film­de 1966-njy ýyl­da­ky “Le Man 24 Hours” ýa­ry­şyn­da bo­lup ge­çen ha­dy­sa­lar dog­ru­syn­da söh­bet açyl­ýar. Şol ýa­ryş­da “Ford” to­pa­ry yzy­gi­der­li ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýän “Fer­ra­ri” to­pa­ryn­dan üs­tün çyk­mak üçin el­de ba­ry­ny ed­ýär…

Re­žiss­ýo­ry: Jeýms Man­gold; Keşp­ler­de: Mett Deý­mon, Kris­ti­an Beýl, Jon Bern­tal, Treý­si Letts, Joş Lu­kas, Ka­it­rio­na Bal­fe, Re­mo Ži­ro­ne, Reý Mak­ki­non; Prod­ýu­ser­le­ri: Pi­ter Çer­nin, Jen­no Top­ping, Jeýms Man­gold; Sse­na­ri­çi­le­ri: Jez Bat­ter­wort, Jon-Hen­ri Bat­ter­wort, Jeý­son Kel­ler; Kom­po­zi­tor­la­ry: Mar­ko Belt­ra­mi, Bak San­ders; Ön­dü­ri­ji: “Cher­nin En­ter­ta­in­ment”, “TSG En­ter­ta­in­ment”, “Turn­pi­ke Films”; Paý­laý­jy: “20th Cen­tu­ry Fox”; Do­wam­ly­gy: 152 mi­nut; Gör­nü­şi: sport, dra­ma; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 98 mil­li­on $.