Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ikinji jildi arap dilinde neşir edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde milli Liderimiziň arap dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Patyşalykdaky diplomatik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Milli Liderimiziň bu kitaby ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Yklymyň iki bölegini birleşdiren, söwda ýoly hökmünde däl-de, eýsem, taryhy-medeni hakykat hökmünde hem Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini açyp görkezýän eserde türkmen halkynyň taryhy ýoluna hem-de dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan çäksiz goşandyna anyk baha berilýär.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Ýahýa bin Mahmud Junaid bu kitabyň ylmy toparlar üçin hem gyzyklanma döredýän ýöriteleşdirilen neşirdigini belledi. Täze neşiriň çapdan çykmagy türkmen-arap gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr. Soňky ýyllarda iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym hem-de bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda biziň ýurtlarymyzyň aragatnaşygy giňelýär.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynyň ikinji jildiniň täze neşiriniň ylym we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhlary asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmäge we ynanyşmaga ýardam berjekdigi şübhesizdir.
Hakberdi NURYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.