Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen arheologlarynyň geçiren işleriniň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine dabaraly ýagdaýda berildi. Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan taryhy arheologik tapyndylar welaýat merkezindäki Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýine tabşyryldy. Bu ýerde guralan dabarada çykyş edenler halkymyzyň baý taryhyny, şeýle-de medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýtdylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan taryhy-arheologik tapyndylaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine tabşyrylýan pursadyna gözli şaýat boldular. Bu gymmatly we ajaýyp tapyndylardan guralan sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Olar dogrusynda hünärmenleriň beren gürrüňleri dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
Şeýle dabara ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem geçirildi. Türkmen arheologlary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklaryň bir bölegi dabaraly ýagdaýda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Bu dabaranyň çäklerinde muzeýde “Şöhratly taryhymyzyň öçmejek ýaňy” atly ylmy-okuw maslahaty hem geçirildi. Ýurdumyzyň arheologlarynyň ýüze çykaran gymmatlyklarynyň 120-ä golaýy welaýat muzeýine berildi. Şol taryhy gymmatlyklaryň hatarynda möhür, metal guşak, şaýy pullary, gap-gaçlaryň bölekleri we beýlekiler bar. Şeýle dabara ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň arheologlary ýurdumyzyň baý taryhy hem-de medeni mirasyny ýüze çykarmak ugrunda asylly zähmet çekip gelýär.
Aýgül HAJYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.