Awstraliýanyň “Qantas” awiakompaniýasy dünýäniň iň howpsuz awiakompaniýasy hökmünde kesgitlendi. “AirlineRatings.com” portalynyň habar bermegine görä, Täze Zelandiýanyň “Air New Zealand” hem-de Taýwanyň “EVA Air” awiakompaniýalary bu sanawda degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeledi.
Awiakompaniýalara uçarlaryň ulanmak möhleti, degişli edaralar tarapyndan geçirilen seljermeler, girdejililigi ýaly birnäçe ugurlar boýunça baha berildi. Awstraliýanyň awiakompaniýasy işgärleriniň işi, nawigasion emeli hemra ulgamlardan netijeli peýdalanmak, daglyk ýerlerde uçarlary takyk dolandyrmak ýaly görkezijiler boýunça öňdeligi eýeledi.
Bu sanawda “Etihad”, “Qatar Airways”, “Singapore Airlines”, “Emirates”, “Alaska Airlines”, “Cathay Pacific Airways”, “Virgin Australia”, “Hawaiian Airlines”, “Virgin Atlantic Airlines”, “TAP Portugal”, SAS, “Royal Jordanian”, “Swiss”, “Finnair”, “Lufthansa”, “Aer Lingus” we KLM ýaly awiakompaniýalar öňdäki orunlary eýelediler.