2019 -njy ýyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyz sebitiň iri halkara guramalaryna başlyklyk etdi. Geçen ýylyň dowamynda Aşgabatda we sebitlerde köp sanly medeni-durmuş, önümçilik, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynda gurlup ulanmaga berlen hem-de dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem bar. Bu zawod özüniň innowasiýa hem-de ekologiýa ülňüleri boýunça ýokary sylaglara eýe boldy. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ýene-de bir ýatda galjak wakalarynyň biri milli Liderimiziň baştutanlygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumydyr. Bu forum uly taslamalaryň amala aşyrylýan meýdançasyna öwrüldi. Şeýle hem geçen ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda durmuşa geçirilen beýik işler halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge, döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik berdi.
Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip yglan etmek hakyndaky Kararyň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.
Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri hökmünde türkmen halkynyň taryhynda müdimilik orun aldy. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Mundan başga-da, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň durmuşyndaky täze döwri alamatlandyrdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň BMG, onuň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdi. Geljegi uly täze-täze ugurlaryň peýda bolmagy bilen, hyzmatdaşlygyň çägi hem giňedi.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda içeri we daşary syýasatymyzda bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda döwletimiz 147 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 47 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan 150 sany halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlarynyň ençemesi bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Şeýlelikde, türkmen döwleti üçin Bitaraplyk derejesi bu gün gülläp ösmegiň berk binýadyna öwrüldi. Goý, ajaýyp döwrümizde şeýle eşretleri bagyş edip, halkymyzy kämilligiň çäksiz belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işi hemişe rowaç, belent başy aman bolsun! Goý, Täze ýylymyz hem agzybir we dörediji halkymyza şowlulyklar, uly üstünlikler we rowaçlyklar getirsin!
Jamal MANAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.