Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri hasaplanýan nebitgaz pudagyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda uly taslamalar amala aşyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek babatda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisidir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu taslamanyň gurluşygy bellenilen tertipde dowam edýär.
Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegine uly mümkinçilikler döretjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Mälim bolşy ýaly, täze energiýa geçirijiniň geçýän ýolunyň ugrunda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary hem çekiler. Bu bolsa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik döreder.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Hökümet mejlislerinde bu iri taslamanyň gurluşygy barada yzygiderli gyzyklanýan milli Liderimiz bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda ýene-de bir Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň – Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
Saud ösüş gaznasy bilen bu taslama babatda, netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ozal hem TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek babatda Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşyklara gol çekilipdi.
Umuman, TOPH tutuş sebit üçin ägirt uly taslamadyr. Bu taslamanyň gurluşygynyň Owganystany parahatçylykly ýol bilen galkyndyrmakda, onuň durmuş-ykdysady düzümlerini täzeden dikeltmek, öz gezeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjek täze iş orunlaryny döretmek ýaly meseleleri çözmek babatda hem, örän uly ähmiýeti bardyr. Şeýle hem, Günorta Aziýanyň ýokary depginde ösýän ýurtlary bolan Pakistanyň hem-de Hindistanyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçiligi bolan iri taslamadyr. Taslama türkmen gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermegi göz öňünde tutýan turba geçirijisiniň taslamasyny düzmek, gurmak, ulanmak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn işleri öz içine alýar. Bu taslama durmuşa geçirilenden soňra, gaz geçirijisi arkaly bir ýylda 33 milliard kubmetre barabar tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu gaz geçirijisiniň tebigy gaz üpjünçiligi bolsa, “Galkynyş” gaz käninden amala aşyrylar.
Gaz geçirijisi Owganystanyň Hyrat we Kandagar, Pakistanyň çäkleri boýunça Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçer hem-de Hindistanda Fazilka ilatly nokadyna baryp ýeter. Täze gaz geçirijiniň gurulmagy netijesinde, 12 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler, bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eder. Bu taslamanyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga dünýäniň iri maliýe edaralary gyzyklanma bildirýär. Olaryň hatarynda Aziýa ösüş bankyny, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankyny, Yslam ösüş bankyny, Saud ösüş gaznasyny we beýlekileri görkezmek bolar.