Kino dünýäsiniň abraýly sylaglaryndan bolan “Altyn globus” baýraklary öz mynasyplaryna uly dabara bilen gowşuryldy. Kaliforniýadaky “The Bewerli Hills” myhmanhanasynda geçirilen 77-nji “Altyn globus” dabarasyna birnäçe aktýor, aktrisa, režissýor, ssenariçi… gatnaşdy. Riki Jerwaisiň alyp baran dabarasynda iň gowy drama filmi diýlip, iňlis režissýory Sem Mendesiň surata düşüren “1917” atly kinosy saýlandy. Iň gowy komediýa ýa-da aýdym-sazly film diýlen ugurda meşhur režissýor Kuentin Tarantinonyň “Bir wagtlar Golliwudda” (Once Upon a Time in Hollywood) atly kinosy “Altyn globusa” laýyk görüldi.
Drama görnüşli filmleriň iň gowy aktýory baýragy “Joker” (Joker) filmindäki keşbi üçin Hoakin Finikse gowşuryldy. 45 ýaşyndaky aktýor mundan ozal hem 2005-nji ýylda “Göni ýöre” (Walk the Line) filmi bilen “Altyn globus” baýragyny gazanypdy. Edil şonuň ýaly iň gowy aktrisa baýragyna-da “Judi” (Judy) filmindäki keşbi üçin Rene Zelwegger mynasyp boldy. Aktrisa 4-nji ýola bu arzyly heýkeljigi eýeledi. Komediýa ýa-da aýdym-sazly filmleriň iň gowy aktýory Taron Ejerton (“Roketmen”, The Rocketman), iň gowy aktrisasy bolsa Akwafina (“Hoşlaşyk”, The Farewell) saýlandy. Ýaş aktrisa bu baýragy alan ilkinji aziýaly artist boldy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna degişlilikde, Bred Pitt (“Bir wagtlar Golliwudda”) bilen Laura Dern (“Öýleniş hekaýasy”, Marriage Story) laýyk görüldi. Pitt 3-nji, Dern 5-nji gezek “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.
Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan “Altyn globus” baýraklarynda iň gowy režissýor diýlip, “1917” atly filmi üçin Sem Mendes saýlandy. “Bir wagtlar Golliwudda” kinosynyň edebi esasyny ýazan Kuentin Tarantino (şol bir wagtyň özünde režissýory) iň gowy ssenariý baýragy bilen sylaglandy. “Joker” filminiň sazyny döreden islandi[aly zenan kompozitor Hildur Gudnadouttir iň gowy saz diýlen ugurda güýçli kärdeşlerinden öňe saýlandy. Iň gowy aýdym baýragy “Roketmen” filmindäki “(I’m Gonna) Love Me Again” atly aýdymy ýerine ýetiren Elton Jon bilen Berni Topine gowşuryldy. Iň gowy animasiýa baýragyny garaşylyşy ýaly “Pixar” ýa-da “Disney” kompaniýalarynyň önümleri alman, bu ugurda “Ýitirilen halka” (Missing Link) atly multfilm ýeňiş gazandy. Ol “Oýnawaçlaryň hekaýasy – 4”, “Doňaklyk – 2”, “Şa ýolbars”, “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli – 2” ýaly animasiýalardan tapawutlandy. Iň gowy daşary ýurt dilindäki film baýragy-da garaşylyşy ýaly, koreýaly režissýor Bong Žu-honuň “Mugthorlar” (Gisaengchung) filmine berildi.
IŇ GOWY SERIALLAR
Golliwuddaky daşary ýurtly žurnalistler bileleşigi tarapyndan berilýän “Altyn globus” baýraklarynda seriallaryň arasynda hem iň gowulary mälim edildi. Iň gowy drama serialy diýlip “Mirasdüşerler” (Succession), iň gowy komediýa ýa-da aýdym-sazly serial diýlip hem “Zyňyndy” (Fleabag) komediýasy saýlandy. Ady agzalan seriallaryň baş keşbinde surata düşen Braýan Koks iň gowy aktýor (drama), Fibi Woller-Brij iň gowy aktrisa (komediýa ýa-da aýdym-sazly) baýraklaryna laýyk görüldi. Şeýle-de “Täç” (The Crown) serialyndaky keşbi üçin Oliwiýa Kolman iň gowy aktrisa (drama), “Remi” (Ramy) komediýa serialynyň ýyldyzy Remi Ýussuf iň gowy aktýor (komediýa ýa-da aýdym-sazly) baýragyna mynasyp boldy. Oskarly meşhur artist, awstraliýaly Rassel Krow (“Has gaty ses”, The Loudest Voice) bilen amerikaly Mişell Williams (“Fossi we Werdon”, Fosse/Verdon) kiçi göwrümli serialdyr telefilmleriň iň gowy aktýory we aktrisasy diýlip saýlandy. Seriallaryň, kiçi göwrümli seriallaryň hem-de telefilmleriň ikinji plandaky iň gowy aktýory we aktrisasy diýlen ugurlarda bolsa, degişlilikde, Stellan Skarsgaard (“Çernobyl”, Chernobyl) bilen Patrisiýa Arkette (“Hilegärlik”, The Act) ýeňiji boldy. “Çernobyl” atly kiçi göwrümli serial bolsa, öz ugry boýunça “Altyn globusa” laýyk görüldi. Dabaranyň dowamynda oskarly dünýä belli aktýor Tom Hanks kino sungatyna goşan uly goşantlary üçin Sesil B. DeMill adyndaky hormat baýragy bilen sylaglandy. Kerrol Burnett adyndaky başga bir hormat sylagy bolsa, meşhur telealypbaryjy zenan Ellen DeJenerese berildi.