Suw ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin bu gymmatly baýlygy rejeli ulanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Suw serişdelerini rejeli ulanmak häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Suwuň ýetmezçiligi, heläkçilikli suw basmalary we joşgunlary, suw eroziýasy we topragyň şorlaşmagy, suwuň hapalanmagy köp halatlarda onuň tygşytsyz ulanylmagy we başarnyksyz dolandyrylmagy netijesinde döreýär.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Meteorologik guramasy tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Ýer şarynyň takmynan 97,5 göterimi duzly, 2,5 göterimi bolsa süýji suwlar hasap edilýär. Bütin dünýädäki süýji suw serişdeleriniň 2,24 göterimi elýeterli däl (çuň ýerasty suwlary, polýuslardaky buzluklar we ş.m.), diňe 0,26 göterimi elýeterli süýji suw hasap edilýär. Ähli zerur harçlanmalary (önümçilik, oba hojalyk) hasaba alnanda Ýer şarynda jan başyna düşýän suwuň mukdary takmynan 1000 m3 mukdarynda we kadaly derejede takmynan 1700 m3 diýlip çak edilýär. Dünýäde adam sanynyň köpelmegi olary iýmit bilen üpjün etmek zerurlygyny hem ýüze çykarýar. Şol sebäpli hem suwarymly ekerançylyk ýerleriniň mukdary yzygiderli köpeldilmeli bolýar. Bu bolsa, süýji suwa bolan talaby has-da artdyrýar. Şol sebäpden hem häzirki wagtda dünýäde suwuň tygşytly peýdalanylmagy boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Biziň güneşli Diýarymyzda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ekerançylygy ylmy esasda ösdürmek, suwdan tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw kadalaryny we suwy tygşytly peýdalanmagyň täze usullaryny ylmy esasda öwrenmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Gülälek Ataýewa,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.