Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Konstitusion esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly kabul edilen çözgütler ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmaga uly itergi berdi.
Konstitusion özgertmelere badalga bolan çözgütler ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen baglanyşykly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerlerde geçirilýän maslahatlardyr duşuşyklarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly tagallalaryň ähmiýeti barada täsirli gürrüň edilýär, bu ugurda raýatlaryň islegleridir teklipleri öwrenilýär.
Esasy Kanunymyza – ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, kanun çykaryjy häkimiýeti kämilleşdirmek, iki palataly parlamenti döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurdaky işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini täze belentliklere çykarmaga, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmäge, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň aýrylmaz bölegidir.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi, türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz ähli babatda ösýär, özgerýär. Hemişelik Bitarap Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň barha pugtalanmagy, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine özboluşly güýç berýär, ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilýän döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şonuň esasynda ýurdumyzyň sebitleriniň sazlaşykly ösmegi, durmuş ugurly syýasatyň rowaçlanýandygynyň özboluşly alamaty bolup durýar. Ýurdumyzyň gülläp ösýän häzirki taryhy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň, şol sanda demokratik ýörelgeleriň milli kanunlarymyzda öz beýanyny tapmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ähmiýete eýedir.
“Döwlet adam üçindir!” diýen beýik taglymaty öňe süren hormatly Prezidentimiziň ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli her bir başlangyjy özüniň ýokary netijesini berýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlary – ylym-bilim, medeniýet, sungat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, elektrik energetikasy, nebitgaz, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynda, şeýle-de beýleki toplumlarda beýik sepgitlere ýetilýär. Şeýle uly ösüşleriň döwründe hem-de “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda amala aşyryljak demokratik özgertmeler ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň berkidilmegine oňyn täsirlerini ýetirer. Ýurdumyzy täze ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.
Myrat NURÝAGDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mugallymy.