Aý­dym-saz äle­mi­niň iň uly sy­la­gy bo­lan “Grem­mi” baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. Şol my­na­sy­bet­li Los An­je­les­dä­ki “Stap­les Cen­ter” are­na­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da ýaş aý­dym­çy gyz Bil­lie Ei­liş re­kord goý­dy. 18 ýaş­ly aý­dym­çy­nyň “Bad Guy” at­ly aý­dy­my ýy­lyň ýaz­gy­sy hem-de ýy­lyň aý­dy­my baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Onuň “When We All Fall As­le­ep, Whe­re Do We Go?” at­ly al­bo­my-da ýy­lyň al­bo­my hem-de ýy­lyň “pop” al­bo­my diý­lip saý­lan­dy. Ýy­lyň tä­ze aý­dym­çy­sy baý­ra­gy­ny hem alan Bil­lie Ei­liş je­mi 5 “Grem­mi” heý­kel­ji­gi­ni eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Şeý­le­lik­de, ol bir da­ba­ra­da 4 uly baý­ra­gy (ýy­lyň ýaz­gy­sy, ýy­lyň aý­dy­my, ýy­lyň al­bo­my, ýy­lyň tä­ze aý­dym­çy­sy) alan il­kin­ji aý­dym­çy bol­dy.

Iň köp ugur­da da­laş­gär gör­ke­zi­len ame­ri­ka­ly aý­dym­çy ze­nan Liz­zo­nyň “Truth Hurts” at­ly aý­dy­my ýy­lyň iň go­wy “pop” aý­dy­my diý­len ugur­da “Grem­mi” bi­len sy­lag­lan­dy. Onuň “Je­ro­me” at­ly aý­dy­my bol­sa, iň go­wy nus­ga­wy “R&B ýe­ri­ne ýe­ti­riş” ug­ry bo­ýun­ça öňe saý­lan­dy. Ta­ny­mal aý­dym­çy Ali­şia Kiý­ziň alyp ba­ran da­ba­ra­syn­da baş­ga-da on­lar­ça ugur bo­ýun­ça “Grem­mi” heý­kel­jik­le­ri ýe­ňiş ga­za­nan aý­dym­çy­dyr to­par­la­ra gow­şu­ryl­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da meş­hur aý­dym­çy­lar öz­le­ri­niň il­ha­lar aý­dym­la­ry bi­len çy­kyş edip, şol ýe­re ýyg­nanan­la­ryň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dyr­dy.