“Walt Disney” kinostudiýasy ozal surata düşüren multfilmlerini janly filme öwürmegini dowam edýär. Şereketiň ýolbaşçylary 1942-nji ýylda öndürilen “Bambi” atly meşhur multfilmiň janly filme öwrüljekdigini habar berdi. Filmiň edebi esasyny ýazmaklyk eýýäm Jenewa Robertson-Dworet bilen Lindsi Bire tabşyryldy. Täze ekran eseri “photo-realistic CGI” surata alnyş ulgamy bilen surata düşüriler. Şereket şeýle ulgam bilen “Jeňňel kitaby” hem-de “Şa ýolbars” multfilmleriniň hem janly kinolaryny surata düşürip, halk köpçüligine ýetiripdi. “Bambi” filminde awçylardan halas bolmagy başaran keýijek Bambiniň towşan hem-de alajagözen bilen dostlugy barada gürrüň berilýär. Öňümizdäki günlerde “Mulan” atly ozalky animasiýanyň janly film görnüşindäki nusgasyny prokata çykarjak “Disney” kompaniýasynyň geljekki taslamalarynyň arasynda “Lilo we Stiç”, “Piter Pen”, “Notre-Dam galasy” ýaly multfilmler hem bar.