Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşy diňlenildi. Türkmenlerde ajaýyp bir milli däp bar. Haýsydyr bir jogapkärli işe başlananda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanylýar. Şu geçirilen maslahat hem halkymyzyň ata-babalaryndan gelýän bu milli däbiň şu günlerde hem ýerine ýetirilýändiginden aýdyň nyşandyr. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýakyn wagtda çözülmeli wezipeleriň birnäçesine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, soňky ýyllarda uly üstünlikleri gazanandygymyza garamazdan, biz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýyl siziň bilen köp işleri etmelidiris diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn günlerde Esasy Kanunymyza giriziljek ähli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň taslamasyny çap edip, şu ýylyň iýul aýyna çenli halka ara alyp maslahatlaşmak üçin berilmelidir. Konstitusion kanunyň gutarnykly taslamasyny bolsa Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn durup geçdi. Şu Kanuny taýýarlamak bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny, “Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky” Kanuna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işleri göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli Parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi “Administratiw önümçilik hakyndaky” Kanuny kabul etdi. Bu Kanun ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we kadalaryny kesgitleýär. Emma kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek üçin, şeýle hem häzirki döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň standartlaryna laýyklykda, Administratiw-iş ýörediş Kodeksiniň taslamasy işlenip taýýarlanylsa, maksadalaýyk boljakdygy barada hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň täze, rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak işini hem dowam etmegiň zerurdygyny, şeýle-de Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini hem taýýarlamagyň we kabul etmegiň möhümdigini, Raýat Kodeksiniň täze redaksiýasyny taýýarlamak boýunça işleri hem dowam etmegiň gerekdigini belledi. Şu ýyl hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak babatda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, bu ugurda “Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak we kabul etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmegiň hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň gerekdigi bellenildi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmek, şunuň bilen birlikde, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aýyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzy sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwürmek üçin ýerasty baýlyklarymyzyň känlerini senagat taýdan işlemek we ýerli çig mallardan goşulan bahasy ýokary bolan taýýar önümleri öndürmek boýunça işleri hem çaltlandyrmak zerurdyr.
Şol bir wagtda “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny döwrebap ýagdaýa getirmek möhümdir. Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň hem-de çäkleriniň emele gelen üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek we ösdürmek, bu işlere telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmek boýunça hem işleri geçirmek wajypdyr. Şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri ösdürmek, sebit derejesinde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň sebitlerinde daşary ykdysady işi güýçlendirmek maksady bilen, bu işleri kadalaşdyrýan degişli kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mejlisiň dowamynda täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin, welaýat we etrap häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzyň sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklary hem-de beýleki zolaklaryň döredilmegi we ilatyň oňyn şertlerde ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de milli Liderimiz duşuşygyň barşynda welaýat häkimlikleriniň fiziki we ýuridik şahslara gurluşyk üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky kararlary çykarmaga ygtyýarlyklaryna gaýtadan seredilse, maksadalaýyk bolar diýip bellemek bilen, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň Bitewi Kanunyny, “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakyndaky” hem-de “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny seljermek boýunça hem degişli işler geçirilse, dogry boljakdygy bellenildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Firma atlary hakyndaky”, “Ylmy açyşlar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary taýýarlanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, her ýyl býujet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyp hem-de diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrýarys. Biz bu işi geljekde hem dowam etmek bilen, ilatymyzy ýaşaýyş-durmuş taýdan goramaga gönükdirilen kanunlara aýratyn ähmiýet bereris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Garaşsyz döwletimiz Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, deputatlara hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ünsüni ýene bir möhüm meselä çekip, çagalarymyzy hem-de ýetginjeklerimizi aň-bilimini we ukyplaryny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hereketli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmegiň netijeliligini has ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem ýaramaz endikleriň adama berýän zyýany we onuň öňüni almak üçin geçirilýän çäreler barada durup geçildi. Şol sanda dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylmaly işler dogrusynda giňişleýin aýdyldy. Türkmen halky maşgala gymmatlyklaryna uly üns berýär. Sebäbi ýaşlaryň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň hem belleýşi ýaly, çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek hem zerurdyr. Mekdepleriň işini kämilleşdirip, dünýä dillerini düýpli öwredýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri we ýörite synplary hem döretmelidiris. Bu synplarda inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli çagalar okamalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle-de mejlisiň dowamynda “Ekologiýa maglumatlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy. “Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek hem zerurdyr diýlip bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz, hususan-da, “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Kanuna hem gaýtadan seretmegiň möhümdigini belledi. “Adatdan daşary ýagdaýlar döwründe halkara kömegini bermek hakyndaky” täze Kanunyň taslamasyny hem taýýarlamalydygy aýdyldy. Mundan başga-da, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tekliplerini öwrenmek esasynda “Migrasiýa hakyndaky” hem-de “Migrasiýa gullugy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamagyň zerurdygy hakynda durlup geçildi. Şu işler bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny üpjün etmek bilen bagly işleriň yzygiderli dowam edilmelidigi barada aýdyldy.
Duşuşygyň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimize milli Parlamentiň işine goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi boýunça işleri geçirmek barada döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutanymyz duşuşygy jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we bagtyýarlygy, alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi hem-de ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
* * *
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň mejlisi iş ýagdaýynda dowam etdi. Gün tertibine hormatly Prezidentimiziň deputatlar düzüminiň öňünde goýan täze möhüm wezipeleri bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan meseleleri girizildi.Şunuň bilen baglylykda, deputatlar öz öňlerinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly jogapkärçiligi duýup, täze maksatlara ýetmek, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan iri taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.