Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty ýurduň nebit we gaz gorlaryny artdyrmaga, uglewodorod serişdelerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Döwletimiziň energetika strategiýasy ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan kepillendirilen. Türkmenistan uglewodorod çig mal serişdelerine baý döwletdir. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýurdumyzyň çäginiň dörtden üç böleginiň nebit we gaz babatdaky geljegi uludyr.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly tagallalary edýär. Nebitgaz toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny pudaga ornaşdyrmak, gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň, olary gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlendi. Şolaryň hatarynda topluma sanly ulgamy, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işewürleşdirmek, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna satmagyň dürli ugurlaryny kesgitlemek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek, tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemekde bazarlaryň köpdürlüligini gazanmak wezipeleri bar. Ýurdumyzyň çägi häzir täze uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagyň nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär. Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawody – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy öz önümini çykaryp başlady.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy-da şeýle kärhanalaryň hataryna girýär. Onda gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap tehnologik desgalaryň hatarynda “EURO-5” we ýokary ölçeglere kybap gelýän awtoulag benzinini, şeýle-de ýokary hilli tehniki ýaglary hem-de beýleki nebithimiýa önümlerini öndürjek desgalar toplumy bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli örtükleriň 21 müň tonnasyna barabar bolan biaksiol – ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana işe girizildi. Mundan başga-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzoluň öndürilişini guramagyň tehniki we ykdysady taýdan maksadalaýyklygy öwrenilýär. Bu önüm dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan polistrol we kauçuk ýaly önümleri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ulanmaga berildi. Bu toplum dünýäde tebigy gazdan sintetiki benzin alýan ilkinji kärhanadyr. “Haldor Topsoe” (Daniýa) kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de bu zawodda ornaşdyrylan tebigy gazdan sintetiki benzin almagyň TiGAS tehnologiýasy Nebit we gaz ugry boýunça “IChemE Global Awards 2019” halkara baýragyna eýe boldy.
Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda häzir aýgytlaýjy pursat dowam edýär. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalary taýýarlanyp, gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini bahalandyrmak işleri tamamlanyp, onuň netijeleri alyndy. Şeýle-de, bu ýurtlaryň çäklerinde topragy, howany we ýerüsti şertleri öwrenmek boýunça barlag-öwreniş işleri tamamlandy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda ýene-de bir Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň – Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Şeýle uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň energetika ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu taslama durmuşa geçirilenden soňra, gaz geçirijisi arkaly bir ýylda 33 milliard kubmetre barabar tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu gaz geçirijiniň tebigy gaz üpjünçiligi bolsa, “Galkynyş” gaz käninden amala aşyrylar. Dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginde uly möçberli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Hereket edýän gaz ýataklaryny, ozaly bilen, tebigy gazyň gory boýunça dünýäde ikinji ýerde duran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça-da ähmiýetli işler dowam etdirilýär. “Türkmengaz” döwlet konserni geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň ýerüsti gurluşygy boýunça taslamanyň başlangyç tehniki resminamalaryny taýýarlamagyň deslapky işlerini ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşdy. Döwletabat käninde önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesini we iň täze enjamlaryny öwrenmegiň hem-de peýdalanmagyň hasabyna, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, möhüm çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň köp künjeklerinde geologik-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň giň gerimde geçirilmegi bilen, täze maglumatlar, netijeler alynýar. Geofiziki maglumatlara görä, ýurdumyzyň çäklerinde çökündi dag jynslary 10 müň metr çuňluga çenli, käbir künjeklerde bolsa 12 – 14 müň metr çuňluga barýança gabat gelinýär. Munuň özi nebit we gaz baradaky mümkinçilikleriň ýokary görkezijisidir. Sebäbi, şeýle uly galyňlykdaky çökündi gatlaklarda gaz toplumlaryny ýygnap biljek gaz siňdiriji kollektorlar hem-de has uly ýerler hökmünde olary aşagyndan, ýokarsyndan gysyp saklap duran geçirmeýän örtgüler bar. Ýurdumyzyň çäklerinde nebit we gaz mümkinçilikleri hökmünde Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, Garabogaz kölüniň töwereklerini, Günbatar Türkmenistan çöketligini, Köpetdagyň eteklerini (Bokurdak ýapgytlygy), Merkezi Garagumy, Murgap çöketligini, Amyderýa sebitlerini, Üňüz aňyrsyndaky Garagumy, Derýalyk-Dagdan tekiz daglygyny görkezmek bolar. Şol bir wagtda hem ýurdumyzyň çäginiň köp bölegi nebit-gaz serişdeleri babatda entek doly öwrenilmedi. Munuň özi ýurdumyzyň nebitgaz ätiýaçlyklarynyň häzirki aýdylýan, çak edilýän möçberinden ýokary bolmagyny görkezýär.
Mergen Amanow,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
uly mugallymy.