Garynjalar işeňňir we kuwwatly jandarlar hasaplanýar. Bu jandaryň iň güýçlüsi hasaplanýan Aziýa-tikinçi garynjalary 500 mg ýük göterip bilýär. Bu görkeziji garynjanyň öz agramyndan 100 esse töweregi köp diýmegi aňladýar. Olar aýaklary bilen ýere şeýle bir mäkäm ýapyşýarlar welin, hatda ýüküni başaşaklygyna hem deňagramlylygyny ýitirmän äkidip bilýärler.