Ki­no dün­ýä­si­niň iň uly sy­la­gy ha­sap­lan­ýan Os­kar baý­rak­la­ry no­bat­da­ky ge­zek öz my­na­syp­la­ry­na gow­şu­ryl­dy. 92-nji ge­zek ge­çi­ri­len da­ba­ra Los An­je­les­dä­ki “Dol­by” te­at­ryn­da gu­ral­dy. Ýyl­dyz­la­ryň owa­dan ly­bas­lar ge­ýip, gy­zyl ha­ly­dan ge­çiş­li­gi bi­len baş­lan da­ba­ra 3 sa­gat 45 mi­nut­lap do­wam et­di. Bas­syr 2-nji ge­zek alyp­ba­ry­jy­syz ge­çi­ri­len da­ba­ra­da iň go­wy film baý­ra­gy­na ko­reý­le­riň “Mugt­hor­lar” at­ly ki­no­sy my­na­syp bol­dy. Bon Žun-ho­nuň re­žiss­ýor­lyk eden fil­mi Os­ka­ryň baş baý­ra­gy­ny alan iň­lis di­lin­de bol­ma­dyk il­kin­ji ki­no hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Şeý­le-de film re­žiss­ýo­ry­na iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy­ny hem ga­zan­dyr­dy. Iň go­wy asyl sse­na­riý hem-de iň go­wy hal­ka­ra film baý­rak­la­ry­ny ga­za­nan film 6 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zi­lip­di. Ne­ti­je­de, ko­reý ki­no­sy 4 heý­kel­jik bi­len da­ba­ra­nyň iň köp baý­rak ga­za­nan fil­mi bol­dy.

Ga­ra­şyl­ýan ar­tist­ler

baý­ra­ga la­ýyk gö­rül­di

506519.jpgIň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ry­na ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, “Jo­ker” hem-de “Ju­di” film­le­rin­dä­ki keşp­le­ri üçin de­giş­li­lik­de, Hoa­kin Feniks bi­len Re­ne Zell­we­ger la­ýyk gö­rül­di. Edil şo­nuň ýa­ly, ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ryn­da-da bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry dog­ry bo­lup çyk­dy. Ýag­ny “Al­tyn glo­bus”, BAF­TA, SAG ýa­ly ki­no sun­ga­ty­nyň beý­le­ki iri baý­rak­la­ryn­da-da ýe­ňiş ga­za­nan Bred Pitt (“Bir wagt­lar Gol­li­wud­da”) bi­len Lau­ra Dern (“Öý­le­niş he­ka­ýa­sy”) Os­ka­ryň heý­kel­jik­le­ri­ne-de my­na­syp bol­du­lar.

Iň go­wy uý­gun­laş­dy­ry­lan sse­na­riý ug­ry bo­ýun­ça “Tow­şan Jo­jo” fil­mi­niň ede­bi esa­sy­ny ýa­zan, şol bir wag­tyň özün­de ki­no­nyň re­žiss­ýo­ry Tai­ka Wai­ti­ti Os­ka­ra la­ýyk gö­rül­di. Iň go­wy ani­ma­si­ýa baý­ra­gy­ny ýe­ne-de “Pixar” we “Dis­ney”-iň bi­le­lik­dä­ki önü­mi bo­lan “Oý­na­waç­la­ryň he­ka­ýa­sy – 4” mult­fil­mi eýe­le­di.

Iň go­wy saz baý­ra­gy “Jo­ker” fil­mi­niň saz­la­ry­ny dö­re­den ze­nan kom­po­zi­tor Hil­dur Gud­na­do­ut­ti­re gow­şu­ryl­dy. Ber­ni Tau­pi­niň söz­le­ri­ne El­ton Jo­nuň “Ro­ket­men” fil­min­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “(I’m Gon­na) Love Me Again” at­ly aý­dymy, iň go­wy aý­dym diý­lip saý­lan­dy.

Baş baý­ra­gy al­ma­gy­na ga­ra­şy­lan “1917” at­ly film 3 ugur bo­ýun­ça ta­pa­wut­lan­dy. Fil­miň dün­ýä bel­li ka­me­ra­çy­sy Ro­jer Di­kins özü­niň 15-nji da­laş­gär­li­gin­de 2-nji ge­zek iň go­wy ope­ra­tor baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Şeý­le-de fil­miň de­giş­li teh­ni­ki iş­gär­le­ri iň go­wy ýö­ri­te ef­fekt­ler we iň go­wy ses baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­du­lar.

Da­ba­ra­da bir­den köp baý­rak alan ki­no­lar­dan “Ford Fer­ra­ri­niň gar­şy­sy­na” iň go­wy mon­taž we iň go­wy ses mon­ta­žy ugur­la­ry bo­ýun­ça Os­ka­ryň heý­kel­jik­le­ri­ni al­ma­gy ba­şar­dy. Be­zeg ugur­la­ry bo­ýun­ça baý­rak­la­ry 3 film öza­ra paý­laş­dy. Ýag­ny iň go­wy önüm­çi­lik be­ze­gi baý­ra­gy­na “Bir wagt­lar Gol­li­wud­da”, iň go­wy grim baý­ra­gy­na “Ki­çi ze­nan­lar”, iň go­wy ma­ki­ýaž we saç be­ze­gi baý­ra­gy­na-da “Gop­gun” fil­mi­niň de­giş­li hü­när­men­le­ri la­ýyk gö­rül­di.