Fan­tas­tik gah­ry­man­çy­lyk­ly film­le­ri bi­len hem­mä­ni özü­ne ben­di eden “Marvel” kom­pa­ni­ýa­sy ýe­ne bir iri tas­la­ma­ny taý­ýar­la­ma­gyň ala­da­syn­da. Köp­den bä­ri gür­rü­ňi edil­ýän “Cap­ta­in Marvel” fil­mi­niň önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lup baş­lan­dy. Go­laý­da fil­miň baş keş­bi­ni, ýag­ny Ka­pi­tan Mar­we­liň keş­bi­ni “Otag” ki­no­sy bi­len iň go­wy akt­ri­sa ug­run­da Os­kar alan 26 ýaş­ly Bri Lar­so­nyň jan­lan­dyr­jak­dy­gy res­mi ýag­daý­da ha­bar be­ril­di. Bu ek­ran ese­ri şe­re­ke­tiň il­kin­ji ze­nan su­per­gah­ry­man keşp­li fil­mi bo­lar. – Öň­den bä­ri-de Lar­so­ny göz öňün­de tut­ýar­dyk – di­ýip, şe­re­ke­tiň baş­ly­gy Ke­win Fe­ij gür­rüň ber­ýär. Fil­miň ha­çan pro­ka­ta çyk­jak­dy­gy, oňa ki­miň re­žiss­ýor­lyk et­jek­di­gi hem-de on­da kim­le­riň su­ra­ta düş­jek­di­gi hä­zir­lik­çe bel­li däl.

“The To­night Show” at­ly te­le­şou gep­le­şi­gi­niň alyp­ba­ry­jy­sy Jim­mi Fal­lon öňü­miz­dä­ki “Al­tyn glo­bus” baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­ny alyp ba­rar. Ol ki­no dün­ýä­si­niň ab­raý­ly sy­lag­la­ry­nyň bi­ri­niň gowşurylyş dabarasynda alyp­ba­ry­jy bol­jak­dy­gy üçin örän şat­dy­gy­ny “twit­ter” ar­ka­ly be­ýan et­di. Gol­li­wud da­şa­ry ýurt žur­na­list­le­ri ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän bu sy­la­gyň 74-nji­si 2017-nji ýy­lyň 8-nji ýan­wa­ryn­da he­mi­şe­ki­ler ýa­ly “Be­wer­li Hil­ton” myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­ler. Mun­dan öň­ki da­ba­ra­ny baş­ga bir ko­me­di­ýa­çy Ri­ki Jer­wa­is alyp ba­ryp­dy.

Gol­li­wu­dyň gon­kong­ly akt­ýo­ry Je­ki Çan “The Nut Job” at­ly ani­ma­si­ýa­nyň ikin­ji­si­niň ses ber­mek işi­ne gat­na­şar. 62 ýaş­ly us­sat akt­ýor mult­fil­miň gah­ry­man­la­ryn­dan Mr. Fen­ge ses be­rer. Ani­ma­si­ýa­nyň re­žiss­ýo­ry Kal Bran­ker “Je­ki Ça­nyň go­şul­ma­gy bi­zi diý­seň be­gen­dir­ýär” di­ýip, bu ba­ra­da du­rup geç­di. 2017-nji ýy­lyň 19-njy ma­ýyn­da pro­ka­ta çy­ka­ryl­jak ani­ma­si­ýa­nyň gah­ry­man­la­ry­na Çan­dan baş­ga-da Ka­te­ri­ne Heigl, Ma­ýa Ru­dolf, Will Ar­nett hem-de Gab­ri­el Ig­le­si­as ýa­ly ar­tist­ler ses be­rer.

Gol­li­wu­dyň ýa­şa­jyk akt­ri­sa­la­ryn­dan, “Ýyl­dyz­lar ara­sy” (In­ters­tel­lar) ki­no­sy bi­len ady­gan Mak­ken­zi Foý “The Nutcracker and the Fo­ur Realms” at­ly film­de baş keş­bi jan­lan­dy­rar. “Walt Dis­ney Pictu­res” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky ki­no­da ol Kla­ra­nyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Uruş­ly gör­nüş­dä­ki ki­no E.T.A. Hoff­man­nyň “The Nutcracker and the Mou­se King” at­ly ese­ri esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­ler. Fil­me şwe­si­ýa­ly Las­se Hallst­röm re­žiss­ýor­lyk et­se, onuň sse­na­ri­si­ni Eş­le­ig Pa­well ýa­zar.

“Möý adam” film­le­ri­niň il­kin­ji nus­ga­syn­da­ky keş­bi bi­len ady­gan akt­ri­sa Körs­ten Danst hem kä­bir kär­deş­le­ri ýa­ly re­žiss­ýor­ly­ga ädim ät­mek­çi bol­ýar. Ol Sil­wia Pla­tyň aw­to­bi­og­ra­fik ro­ma­ny esa­syn­da “The Bell Jar” at­ly fil­me re­žiss­ýor­lyk eder. Film­de baş keş­bi ýaş akt­ri­sa Da­ko­ta Fan­ning jan­lan­dy­rar. Ek­ran ese­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne 2017-nji ýyl­da baş­la­nar.