Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejelere çykaryldy.
Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyga hem-de hyzmatdaşlyga gönükdirilen energetika, ekologiýa we ulag ulgamlaryndaky halkara başlangyçlary BMG-niň ýokary ykrarnamasyna eýe boldy we bu gurama tarapyndan kabul edilen ençeme Rezolýusiýalar bilen berkidildi.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen täze çarçuwaly maksatnama kabul edildi. Golaýda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň” tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu resminamanyň dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklamak, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak ýaly ugurlarda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmegine ýardam etjekdigi mälim edildi.
Şeýle hem täze Çarçuwaly maksatnamanyň BMG-niň köp sanly agentlikleriniň onuň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyny göz öňünde tutýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmeginiň hem-de öňdebaryjy tejribäni we halkara hyzmatdaşlygyň maslahatlaryny peýdalanmak arkaly umumy wezipeleri çözmäge köptaraplaýyn çemeleşmesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Çäräniň çäklerinde “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra brifing geçirilip, onda BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmesinde Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çenli çykandygyny belledi. Türkmenistanyň dünýä giňişliginde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan işjeň ýörelgesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýokary derejede ykrar edilýär. Täze maksatnama BMG-niň ulgamynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Onuň esasy maksady ileri tutulýan milli ugurlary durmuşa geçirmekde hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hökümete goldaw bermekden ybaratdyr diýip belledi. Şeýle hem ol BMG-niň ulgamynyň maliýe institutlary hem-de ösüş banklary bilen strategik hyzmatdaşlygynyň telekeçiligi höweslendirmek üçin şertleri döretmäge we daşary ýurtlaryň göni maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berjekdigi nygtaldy.
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.