Pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­lan­ýan ba­har pas­ly te­bi­ga­tyň jan­lan­ma­gy­na, Ýer ýü­zün­dä­ki haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si­niň tä­ze­çil dur­mu­şa baş­la­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Haý­wa­nat dün­ýä­sin­de orun alan guş­lar hem özü­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Beý­le­ki jandarlar bi­len bir ha­tar­da guşlary go­ra­mak hem adam­za­dyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1906-njy ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de guş­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa ka­bul edi­lip­di. Şo­nuň üçin hem her ýy­lyň 1-nji ap­re­li guş­la­ryň hal­ka­ra gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Bu sene daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da wa­jyp pi­kir­le­ri wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­lan­ýar. Ýer ýü­zün­de köp guş­la­ryň ýi­tip git­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek ba­bat­da adam­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz­da hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň giň hal­ka­ra gol­da­wy­na eýe bol­ýan baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de daş­ky gur­şa­wy we onuň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni go­ra­mak işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hal­ka­ra or­ni­to­log­lar bi­le­le­şi­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ýer ýü­zün­de guş­la­ryň 10 müň­den gow­rak gör­nü­şi­niň bar­dy­gy yl­my taý­dan mä­lim edil­ýär. Guş­la­ryň gü­ni 1894-nji ýyl­da ABŞ-da bel­le­nip baş­la­ndy. Soň­ra gys­ga wag­tyň için­de ýur­duň äh­li ştat­la­ry­na ýaý­ra­dy. Soň­lu­gy bilen bu sene Ýew­ro­pa ara­laş­dy we hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da giň­den bel­le­nil­ýär.
Guş­lar te­bi­gat­da we adam dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ola­ryň köp gör­nüş­le­ri uly yk­dy­sa­dy äh­mi­ýe­te hem eýe­dir. Guş ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek oba ho­ja­ly­gy­nyň et, ýu­murt­ga we ýag, şeý­le hem guş ýe­le­gi önüm­çi­li­gi üçin mö­hüm­dir. Guş­la­ryň köp gör­nü­şi adam­lar ta­ra­pyn­dan öý haý­wan­la­ry hök­mün­de sak­lan­ýar. Adam­la­ryň iş­jeň­li­gi­niň ne­ti­je­sin­de, guş­la­ry kö­pelt­mek ugrun­da ta­gal­la­lar edil­ýär, olar mil­li we hal­ka­ra ka­nun­lar esa­syn­da go­ral­ýar. Guş­la­ry öw­ren­ýän yl­ma or­ni­to­lo­gi­ýa di­ýil­ýär.
Al­la­my­rat Ýa­ra­now,
A.Ke­ki­low adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.