Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy sürüjisiz ulaglary öndürmek maksady bilen Miçigan uniwersitetine uly mukdarda gatanç etdi. Özbaşdak hereket edip bilýän ulaglary öndürmekde gerek bolan tehnologiýany taýýarlap, ony bazara hödürlemek üçin bäsleşýän firmalaryň biri bolan “Toyota” şeýle ulaglaryň kompýuter programmalaryny döretmek üçin okuw mekdebine 22 million dollar berdi. Hünärmenleriň we talyplaryň bilelikde taýýarlajak awtoulag programmasy ýapon şereketiniň goldawy bilen has gysga wagtda kämilleşer we tamamlanar.
Berlen maglumata görä, uniwersitete bu pul serişdesi “Toyota Research Institute” tarapyndan 4 ýylyň dowamynda goýberiler. Okuw mekdebinde diňe sürüjisiz ulaglar üçin däl, şol birwagtyň özünde robotik, ýapyk ýerlerdäki ulaglar we sürüş howpsuzlygy ýaly ugurlarda hem tehnologiýa taýýarlanar.