Suwdan soň, çaý dünýäde iň köp içilýän içgidir. Şonuň üçin bu içginiň hatyrasyna Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan halkara baýramçylygy döredildi. Abraýly guramanyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji maýy – Halkara çaý güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk çaýyň ähmiýetini hem-de çaý önümçilik senagatynyň ösüşini giňden wagyz etmek babatda wajyp bolup durýar.
Çaýyň watany Hytaýyň günorta-günbatary, Hindistanyň demirgazyk-gündogary we Mýanmanyň demirgazygy hasaplanýar. Bäş müň ýyl mundan ozal, Hytaýda çaý içilendiginiň subutnamasy bar. Bu barada BMG-niň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Çaý öndürmek we gaýtadan işlemek ösýän ýurtlarda millionlarça maşgala üçin esasy girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şeýle hem çaý köp ýurduň esasy girdejisi we eksport önümi hasaplanýar. Soňky çaklamalara görä, geljek on ýylda ählumumy çaý sarp edilişi we önümçiligi giňden öser. Hytaýda, Hindistanda we beýleki ýurtlarda çaýyň sarp edilişi çalt depginlerde ösýär.
Ählumumy derejede gara çaýyň önümçiliginiň geljek on ýylda ortaça 2,2 göterim ösjekdigi we 2027-nji ýylda 4,4 million tonna ýetjekdigi çaklanylýar. Bu, esasan, Hytaýda, Keniýada we Şri-Lankada önümçiligiň artmagy bilen baglanyşykly bolar. Şeýle hem gök çaýyň önümçiliginiň has çalt ösmegine garaşylýar: ýyllyk ösüşi 7,5 göterim bolar we 2027-nji ýyla çenli bu önümçilik 3,6 million tonna ýeter. Gök çaýyň önümçiligi, esasan hem, Hytaýda has köp möçberlere ýeter. 2015-2017-nji ýyllarda bu ýurtda gök çaý 1,5 million tonna öndürilen bolsa, 2027-nji ýylda bu görkeziji 3,3 million tonna çenli ýokarlanar.
Biziň ýurdumyzda hem gök çaý iň köp içilýän içgileriň biri hasaplanýar. Türkmen halkynyň gök çaýa goýýan sarpasy hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabynda hem giňden beýan edilýär. Ýurdumyzyň telekeçileri hytaý, seýlon we hindi çaýlarynyň iň oňat sortlaryny çekip gaplamagy ýola goýdular. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sowuk çaý öndürijileriniň harytlarynyň görnüşleri ýylsaýyn artýar.
Baýram Jummiýew,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.