3-nji iýunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Ýur­du­my­zyň şa­ýol­la­ry­na we kö­çe­le­ri­ne sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän we­lo­si­ped­çi­le­riň köp­san­ly­sy çyk­dy­lar. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, eko­lo­gi­ýa me­se­le­si We­lo­si­ped gü­nü­niň çä­re­le­ri­niň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Paý­tag­ty­myz­da bu çä­rä­niň Aw­tou­lag­syz gün diý­lip yg­lan edil­me­gi ýö­ne ýe­re däl­dir.
Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy ha­kyn­da­ky ala­da mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­tyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir, türk­men hal­ky­nyň, her bir ra­ýa­tyň ma­ny-maz­mun­ly we bag­ty­ýar dur­mu­şy, sag­dyn­ly­gy bu sy­ýa­sa­tyň öze­ni­ni düz­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz te­bi­ga­ty go­ra­ýyş ul­ga­myn­da köp­ta­rap­ly hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ry­nyň 20-si­ne gat­naş­ýar. Ge­çen ýyl ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Mil­li stra­te­gi­ýa­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi tas­syk­la­nyl­dy. “Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da” we “At­mos­fe­ra ho­wa­sy­ny go­ra­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­na hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň de­giş­li ka­da­la­ry or­naş­dy­ryl­dy.
3-nji iýun­da ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de sa­gat 06:00-dan 18:00-a çen­li di­ňe we­lo­si­ped­ler­de, aw­to­bus­lar­da hem-de gaý­ra­go­ýul­ma­syz gul­luk­la­ryň ulag­la­ryn­da he­re­ket et­mä­ge yg­ty­ýar be­ril­di. Bu çä­re gö­zel paý­tag­ty­my­za aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň köp­san­ly­syn­dan wagt­la­ýyn­ça “dynç al­ma­ga”, aw­tou­lag­la­ryň çy­kar­ýan zy­ňyn­dy gaz­la­ryn­dan ho­wa­ny ep-es­li de­re­je­de aras­sa­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Eko­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan paý­tag­ty­myz­da şol gün he­re­ket­le­riň çäk­len­di­ril­me­gi­niň ho­wa tä­si­ri­ne gö­zeg­çi­lik ge­çi­ril­di. Hü­när­men­ler Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki bäş sa­ny he­mi­şe­lik we göç­me gö­zeg­çi­lik no­ka­dyn­dan ho­wa nus­ga­lyk­la­ry­ny alyp, onuň dü­zü­mi­niň bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di­ler.

Ho­wa nus­ga­lyk­la­ry­nyň de­ňeş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň he­re­ket­le­ri­niň, de­giş­li­lik­de, zy­ňyn­dy ga­lyn­dy­la­ryň çäk­len­di­ril­me­gi bi­len, to­za­nyň möç­be­ri 20 gö­te­rim, kü­kürt di­ok­si­di­niň möç­be­ri 10 gö­te­rim, azot di­ok­si­di­niň möç­be­ri 40 gö­te­rim we fe­no­lyň möç­be­ri iki es­se pe­sel­di. Şeý­le­lik­de, zy­ýan­ly zy­ňyn­dy­la­ryň esa­sy çeş­me­si bo­lan aw­tou­lag­la­ryň he­re­ket­le­ri­ni çäk­len­dir­mek çä­re­si, ha­ky­kat­dan-da, düýp­li ne­ti­je ber­di – paý­tag­ty­myz­da ho­wa­nyň aras­sa­çy­lyk de­re­je­si ep-es­li ýo­kar­lan­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len aw­to­ulag­syz gün­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zy eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­he­re öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly iş­le­re uly go­şant bo­lup dur­ýar.