Hindistanyň hökümeti elektronika önümçiligini höweslendirmek maksady bilen 6,65 milliard dollar möçberindäki puly bölüp berer. Ýurduň tehnologiýa ministri Rawi Şankar Prasad metbugat ýygnagynda eden çykyşynda ýurtda içerki önümçiligi höweslendirmek maksady bilen goşmaça harytlaryň söwdasyny ýokarlandyrmak babatda 4 göterimden 6 göterime çenli maliýe kömeginiň berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Bäsleşige gatnaşmak üçin maýa goýum we satuw görkezijilerine laýyk gelmeli bäş kompaniýanyň ady iki aýda yglan ediler.
Bäsleşigiň şertleri esasynda saýlanjak hindi kompaniýalarynyň 5-sine smartfon we onuň ätiýaçlyklaryny öndürmek üçin 2025-nji ýyla çenli maliýe serişdeleri bölünip berler. Ýurtda smartfon önümçiligi senagatyny ösdürmek Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň esasy maksatnamasynyň biridir. Premýer-ministr Modi “Hindistanda öndürildi” nyşanly önümçilik bilen Hindistany öňdebaryjy eksport edýän ýurtlaryň birine öwürmegi maksat edinýär. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy hasaplanýan Hindistanda smartfon önümçiliginiň öňdebaryjy kompaniýalary “Samsung” hem-de “Apple” ýerli önümçiliginiň gerimini yzygiderli giňeldýär.
Laçyn AMANAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.