Hindi kinosynyň taryhyna ady altyn harplar bilen ýazylan, “Hindi kinosynyň Çarli Çaplini”, “Jenap Sergezdan” atlaryna eýe bolan Raj Kapur, prodýuser, režissýor, teatr we kino artisti, muşdaklarynyň arasynda ýapon aýakgaply, iňlis jalbarly, başynda rus şlýapasy bilen tanalýar.
Bol­li­wu­dyň ägir­di Raj Ka­pur 1924-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Pe­şa­war şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Onuň ka­ka­sy Prith­wi­raj Ka­pur öz döw­rü­niň teatr we ki­no sun­ga­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr. Raj özü­niň il­kin­ji keş­bi­ni “Tä­ze­çil­lik” (Inqui­lab) fil­min­de 11 ýa­şyn­da­ka ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şon­dan soň, 1943-nji ýy­la çen­li hiç bir film­de çy­kyş et­me­dik Raj Ka­pur, şol ýyl 2 film bi­len ja­dy­ly sun­ga­ta pro­fes­sio­nal de­re­je­de ara­laş­ýar. Akt­ýor bu keşp­ler­den soň, öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li yzy­gi­der­li­lik­de ki­no sun­ga­ty­nyň için­de bol­ýar. 1947-nji ýyl­da özü­niň il­kin­ji baş keş­bi­ni “Ne­el Ka­mal” fil­min­de jan­lan­dyr­ýar. Bir ýyl­dan soň, re­žiss­ýor­ly­ga baş go­şan Raj Ka­pur “Ýa­kyp ýan­dyr­ýan yşk” (Aag) fil­mi üçin ka­me­ra­nyň ar­ka ta­ra­py­na geç­ýär. Şol ýyl özü­niň “R. K. Filmz” at­ly stu­di­ýa­sy­ny hem aç­ýar. Bu ki­no­da Raj Ka­pur bi­len bi­le­lik­de baş keşp­le­riň bi­ri­ni bel­li hin­di akt­ri­sa­sy Nar­giz ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bu jü­büt mun­dan so­ňam, tu­tuş dün­ýä­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan, 1955-nji ýyl­da ýurt­da iň go­wy film hök­mün­de saý­la­nan “Je­nap 420” (Shree 420), 1953-nji ýyl­da Kann film fes­ti­wa­ly­na baş baý­ra­ga hö­dür­le­nen “Ser­gez­dan” (Awaa­ra), “Ýa­gyş möw­sü­mi” (Bar­sa­at) ýa­ly film­ler bi­len bir ha­tar­da, je­mi, 16 ki­no­da bi­le su­ra­ta düş­ýär­ler.
Raj Ka­pur 1964-nji ýyl­da, iki dost Go­pal bi­len Sun­dar hem-de ola­ryň söý­gü­si bo­lan Rad­ha ba­ra­da gür­rüň aç­ýan “San­gam” (baş keşp­ler­de Raj Ka­pur, Ra­jend­ra Ku­mar hem-de Wi­ja­ýan­ti­ma­la) fil­mi­ni su­ra­ta dü­şür­ýär. Bu film tä­sin wa­ka­la­ry bi­len özü­niň aja­ýyp aý­dym­dyr-saz­la­ry bi­len we Ýew­ro­pa­da dü­şü­ri­len kadr­la­ry bi­len to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­zan­ýar. “San­gam” ze­hin­li re­žiss­ýo­ryň dü­şü­ren il­kin­ji reňk­li fil­mi bo­lup dur­ýar.
Raj Ka­pu­ryň re­žiss­ýor­lyk eden film­le­ri­niň için­de meş­hur­lyk ga­za­nan film­le­ri­niň ýe­ne bi­ri hem (baş keş­bi özü­niň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de) “Me­niň adym mas­ga­ra­baz” (Me­ra Na­am Jo­ker) fil­mi­dir. Bu film 1970-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. Fil­miň aý­ra­tyn­ly­gy ol 3 bö­lüm­den yba­rat bo­lup, her bö­lü­miň aý­ra­tyn gah­ry­man­la­ry bar: Me­ri – Si­mi Ga­re­wal, Ma­ri­na – Kse­ni­ýa Rýa­bin­ki­na, Mi­na – Pad­mi­ni. Film­de Ra­jyň ça­ga­ly­gy­nyň keş­bi­ni onuň og­ly Ri­şi ýe­ri­ne ýe­tir­ýär we bu onuň il­kin­ji fil­mi bol­ýar.
Re­žiss­ýo­ryň öz og­ly Ri­şi­niň baş keş­bi ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýe­ne bir fil­mi-de – “Bob­bi” bo­lup, ol 1973-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­ka­ryl­ýar. Pro­kat­dan ep-es­li gir­de­ji ga­za­nan “Bob­bi” fil­mi hin­di ki­no­sy­nyň to­ma­şa­çy­sy­ny tä­ze akt­ri­sa Dimpl Ka­pa­dia bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Raj Ka­pu­ryň beý­le­ki film­le­ri­ ýa­ly “Bob­bi” hem özü­niň sýu­že­ti, aý­dym-saz­la­ry bi­len to­ma­şa­çy­la­ry­nyň gyz­gyn söý­gü­si­ni ga­zan­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Raj Ka­pu­ryň Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­ga da­laş­gär gör­ke­zi­len “Aýak­gap aras­sa­laý­jy” (Bo­ot Po­lish, 1954), “Ukusyz gal” (Jag­te Ra­ho, 1956), “Söý­gi ke­se­li” (Prem Rog, 1982) ýa­ly su­ra­ta dü­şen ýa-da su­ra­ta dü­şü­ren kä­bir ki­no­la­ry­ny ag­za­man geç­mek bol­maz. Raj Ka­pu­ryň iň soň­ky ki­no­sy “Ram Te­ri Gan­ga Mai­li” bo­lup, 1985-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ren ki­no­syn­da ol ogul­la­ry bi­len bi­le­lik­de su­ra­ta düş­ýär.
Raj Ka­pur akt­ýor hök­mün­de 70 tö­we­re­gi film­de dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Ol özü­niň gys­ga hem-de ma­ny­ly öm­rün­de fil­mle­riň 10-syna re­žis- s­ýor­lyk ed­ýär. Öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da agyr ke­sel­den ejir çe­ken Ra­j Ka­pu­ra 1988-nji ýyl­da iň uly döw­let sy­lag­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Da­da­sa­hep Phal­ke baý­ra­gy gow­şu­ryl­ýar. 1988-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­da Tä­ze De­li­de ara­dan çy­kan Raj Ka­pur “Film­fa­re” baý­rak­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ne, hin­di ki­no­sy­na go­şan go­şan­dy üçin, döw­let baý­ra­gy bo­lan Pad­ma Bhus­han baý­ra­gy­na, Mil­li Film baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar.
Raj Ka­pu­ryň ogul­la­ry Rand­hir, go­laý­da ara­dan çy­kan Ri­şi hem-de Ra­jiw – üçü­sem akt­ýor bo­lup ýe­tiş­ýär. Aý­ra­ty­nam Ri­şi Ka­pur uly şöh­rat ga­zan­ýar. Rand­hir Ka­pu­ryň gyz­la­ry, ýag­ny Raj Ka­pu­ryň ag­tyk­la­ry Ka­riş­ma Ka­pur bi­len Ka­ri­na Ka­pur hem-de Ri­şi Ka­pu­ryň og­ly Ran­bir Ka­pur hä­zir­ki wagt­da Bol­li­wu­dyň iň gör­nük­li ar­tist­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýär. Olar “Ata kes­bi og­la ha­lal” diý­li­şi ýa­ly, gar­ry ba­ba­la­ry Prith­wi­raj Ka­pu­ryň, ba­ba­la­ry Raj Ka­pu­ryň, ba­ba­sy­nyň do­gan­la­ry meş­hur akt­ýor­lar – Şam­mi we Şa­şi Ka­pur­la­ryň mi­ras gal­dy­ran sun­gat ýo­lu­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len do­wam ed­ýär­ler.

Ajap Re­je­po­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.