Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, her bir güni halkymyzyň milli senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk ulgamynda hem ýokary ösüşler gazanylýar. Häzirki döwürde bu ugurda dünýä nusgalyk işler amal edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 21-nji maýynda güýje girizilen “Syýahatçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň çäklerinde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirdi. Bu Kanunda Türkmenistanyň gözel tebigatyna, ýerli we daşary ýurtly jahankeşdelerde aýratyn uly gyzyklanma döredýän täsin tebigy ýadygärliklerine ekologiýa syýahatçylygyny guramaga möhüm orun berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologiýa, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ony goramak meselelerine dahylly şular ýaly kanunlaryň, kararlaryň birnäçesiniň üsti ýetirilip, olar iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýar.
Biziň güneşli ýurdumyza her ýylda dünýä ýurtlaryndan jahankeşdelerdir syýahatçylaryň müňlerçesi gelýär. Türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigy gözelligine, asyrlaryň wakalaryna şaýat bolup oturan taryhy ýadygärliklerine, täze döwrüň güneşi bilen nur saçýan dynç alyş merkezlerine maýyl bolup gelýän syýahatçylary halkymyz türkmen myhmansöýerligi bilen garşylaýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk hem-de medeni-taryhy mümkinçilikleri, milli baýlygy we özboluşlylygy syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu möhüm wezipe ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyna we dünýäniň syýahatçylyk äleminde has möhüm orun eýelemegine ýardam edýär. Şeýle işleriň çäginde Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň işlenip taýýarlanmagy möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynda ýurdumyzyň tebigy hem-de taryhy aýratynlyklarynyň atlarynyň we şertli belgileriniň beýanyny tapmalydygyny belledi.
Bir zat hemmelere mälimdir, ýagny her bir jahankeşde öz ýurdundan başga bir ýurda baranda, öňi bilen baran ýurdunyň medeni we tebigy aýratynlyklary bilen gyzyklanýar. Çünki tebigy aýratynlyklar ol ýa-da beýleki ýurduň ýüzüni – taryhy keşbini görkezýän alamat bolup durýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak isleýänlere gönükdirilendir. Onda ýurdumyzyň iri şäherleriniň atlary, ulag-aragatnaşyk ugurlary, aýratyn goralýan tebigy çäkleri, bejeriş-sagaldyş syýahatçylygynyň desgalary öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň milli öwüşginlere eýedigi aýratyn bellärliklidir. Onda dünýä jahankeşdeleriniň iň bir söýgüli mekany bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn orun berilýär. Gysga döwrüň içinde tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň islegli syýahatçylyk zolagynyň birine öwrülen Awazada täze-täze binalaryň ulanmaga berilmegi, Bahry-Hazaryň tylla kenarynyň ynsan saglygyna şypa beriji häsiýete eýedigi, şypaly howasy bu günki gün bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Mundan başga-da, syýahatçylyk kartasynda türkmen topragynyň esasy bölegine uzap gidýän sahawatly çölümiziň nyşany hasaplanýan düýe kerwenleriniň şekili bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry, ýurdumyzyň daşky keşbiniň gaýtalanmajak bezegi bolan birnäçe gadymy binagärlik desgalary beýanyny tapýar. Şeýle şekilleriň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orna eýe bolan, taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine sary uzap gidýän gadymy Merwiň, Köne Nusaýyň, Köneürgenjiň, Maşad-Misseriýanyň, gadymy ýadygärlikleri, özüniň müň syrly gowaklary we dinozawrlaryň yzlary bilen dünýä jahankeşdelerini haýrana goýýan Köýtendagyň tebigy ýerleri, türkmen topragynyň üstünden geçýän deňizler we mawy öwüşginli daglar görkezilýär. Bu keşpler türkmen topragynyň milli aýratynlyklary hökmünde alnyňda janlanýar.
Häzirki döwürde türkmen syýahatçylygy dünýä ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde, barha ýokary ösüşlere eýe bolýar. Syýahatçylyk kartasy ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda wagyz etmek, işjeň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işinde aýratyn ähmiýetlidir. Bu iş bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi üçin ilkinji şertleriň we mümkinçilikleriň biridir. Ol syýahatçylyk pudagynda serişdeleriň herekete girizilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn häsiýete eýe bolmagynda hem möhümdir.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň her bir ugry täze özgertmelere eýe bolýar. Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň döredilmegi hem Watanymyzyň syýahatçylyk ulgamynyň hil taýdan täze derejä eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.
Bu ajaýyp işleriň başynda eziz Arkadagymyzyň durýandygy Berkarar döwletimiziň syýahatçylyk pudagynyň gelejekde-de uly rowaçlyklara eýe boljakdygyny aýdyň alamatlandyrýandyr.
Gurbanmuhammet MÖJEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.